Demirgazyk Owganystanda Balhda, Taharda güýçli söweş barýar

Owganystanyň Balh welaýaty

Resmileriň habar bermegine görä, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri demirgazykdaky Balh we Tahar welaýatlarynda "Talyban" söweşijilerine garşy söweşýär.

Balhda 8-nji awgustyň agşamyndan bäri welaýatyň paýtagty Mazar-e-Şerifiň golaýynda güýçli çaknyşyklar bolup geçýär. Bu barada "Tolo News" habar gullugyna habar beren çeşmeler sebite goşmaça güýç iberilmese hökümetiň goranyş liniýalarynyň dargamak howpunyň bardygyny aýtdylar.

8-nji awgustda "Talyban" strategiki taýdan ähmiýetli demirgazyk-gündogar Kunduz şäheriniň aglaba bölegini basyp aldy.

Welaýatyň paýtagty Sar-e Pol we demirgazyk-gündogar Tahar welaýatynyň paýtagty Talokan hem söweşijileriň eline düşdi, diýip, ar alyş gorkusy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde geplän çeşmeler Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Owganystandaky söweş ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň güýçlerini çykarmak işiniň 1-nji maýda başlanyp, şu aýyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýan döwründe güýçlendi.

8-nji awgustda "Talybanyň" eline düşen üç merkez, 6-njy awgustda söweşijileriň eline düşen günorta-günbatar Nimroz welaýatynyň paýtagty Zaranjy we demirgazyk Jowzan welaýatynyň paýtagty Şebergan şäheri bilen bilelikde "Talybanyň" doly ýa-da tutuşlygyna gözegçilik astyndaky welaýat paýtagtlarynyň sanyny bäşe ýetirdi.