Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlamagyna bir aý töweregi wagt galanda, ýurduň bazarlarynda çagalaryň mekdep üçin geýimleri we okuw esbaplary satylyp başlandy. Bazarlardaky nyrhlardan çen tutulsa, okuw geýimleriniň we esbaplarynyň nyrhlary geçen ýylkysyndan üç esse ýokarlandy. Şu ýyl bir çagany mekdebe taýýarlamak 6 müň manada ýetýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Marydaky habarçylary bazarlardaky nyrhlary öwrenip, çagalaryň şu ýyl mekdep geýimleri we okuw esbaplary üçin ortaça çykdajylaryny hasapladylar. Olaryň häzirki we geçen ýyldaky bahalaryny deňeşdirdiler.
Lebapdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 30-njy iýulda welaýatyň bazarlarynda okuwçy oglanlar üçin mekdep aýakgaplary hiline görä, 800-1200 manat aralygynda bahalanýar. Geçen ýyl bu aýakgaplary ortaça 400 manatdan satyn alyp bolýardy.
Degişli maglumat Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başladyOglanlar üçin mekdep geýimleri - ak köýnek we gara balak - 1500-2000 manat aralygynda bahalanýar. Geçen ýyl ak köýnekler 150-200, balaklar 350-450 manatdan bahalanýardy.
Okuwçynyň portfeli ortaça 1000 manada durýar. Mundan arzany iki aýa ýetmän, ýyrtylmak bilen bolýar. Geçen ýyl bular 120-600 manat aralygynda bahalanýardy.
Geçen ýyl 1 manatdan satylan iň arzan ruçkalar şu ýyl 4 manada durýar. Dürli sapaklar üçin depderler, galamlar, gündelik, ýelim hem-de surat we çyzuw sapaklary üçin albom, tsirkul ýaly okuw esbaplary iň azyndan 500 manada düşýär.
Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan telekeçiler bahalaryň ýokarlanmagyny dollaryň gara bazardaky nyrhynyň gymmatlamagy we pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlardan az harydyň getirilmegi bilen düşündirýärler.
Marydaky habarçymyz hem, 1-nji sentýabrda başlajak okuw ýylynyň öňýanynda satuwa çykarylan käbir mekdep geýimleriniň we esbaplarynyň nyrhlary barada maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, okuwçylar üçin niýetlenen joraplaryň nyrhlary 10-30 manat, içki ak maýkalar 50-100 manat, tahýalar 40-400 manat, köýnekleriň ýakalary 50-200 manat aralygynda bahalanýar. Sport aýakgaplarynyň iň arzany 250 manatdan başlanýar.
Habarçylarymyz şu ýyl bir çagany mekdebe taýýarlamagyň 6 müň manada ýetýändigini aýdýarlar. Geçen ýyllarda Azatlygyň habarçylary bir çaganyň okuw geýimleriniň we esbaplarynyň bahasynyň 2020-nji ýylda 2 müň, 2019-njy ýylda 600 manat töwereginde bolýandygyny habar beripdiler.
Türkmen hökümeti ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 1200 bilen 1400 manat aralygyndadygyny mälim edýär. Bu resmi kurs boýunça 350-400, gara bazaryň kursy boýunça 35-45 dollardyr.
Degişli maglumat Aşgabatda okuw geýimlerini karz görnüşinde satyp başladylarÝurtdaky ortaça aýlyk hakyndan çen tutulsa, bir raýat bir çagasynyň okuw çykdajylary üçin özüniň azyndan üç-dört aýlygyny sarp etmeli bolýar.
"Maşgalalaryň tas ählisinde azyndan iki-üç çaga mekdebe gidýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Suraý diýlip tutulmagyny soran dört çaganyň ejesi, faraply ýaşaýjy aýtdy.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu ýyl bu bahalardan mekdep harytlaryny satyn almaga ukyby bolmadyk raýatlaryň görnetin köpelendigini görse bolýar. Alyjylaryň köpüsi diňe zerur zatlary satyn almak bilen oňýarlar.
Işleýän adamlar çagalarynyň okuw üçin geýimlerini we esbaplaryny ýazga alýarlar. Olar bularyň puluny her aý bölekleýin esasda töleýärler.
Maddy mümkinçilikleri çäkli ýa-da düýbünden girdejisi bolmadyk adamlar öz garyndaşlarynyň we goňşularynyň ýokary synp çagalarynyň eşiklerini soraýarlar. Käbir ene-atalar okuw geýimlerini we esbaplaryny beýleki etrapdyr obalardan ýygnaýarlar.
"Şu günler ene-atalar könelen mekdep portfellerini, köwüşleri, okuw köýneklerini çöpläp, çagalaryny okuwa taýýarlajak bolýarlar. Sebäbi bu ene-atalaryň başga alajy galmady. Käbir ene-atalar öz ýaşaýan ýerlerinde dilegçilik etmäne utanyp, başga obalara, etraplara gidýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Güljemal diýlip tutulmagyny soran maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanda dört ýyl gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, giň ýaýraýan işsizlik, azyk gytçylygy we gymmatçylygy, şeýle-de nagt ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Bularyň arasynda sosial problemalar güýçlenýär, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri has-da ýaramazlaşýar. Bu barada Azatlyk we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berýärler.
Habarçylarymyz IMO messenjerinde raýatlaryň maddy taýdan ýeter-ýetmez hojalyklara çagalaryň kiçi geýimlerini bermäge çagyrýandygyny hem aýdýarlar.
Degişli maglumat Bir tarapdan keselçilik, beýleki tarapdan pulsuzlyk täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalary aladalandyrýar