Garaşsyz neşir Hursanaý Ismatullaýewanyň işiniň ilki Büzmeýiniň etrap polisiýasyna tabşyrylandygyny, emma esasy buýrugyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň baş edarasyndan berilýändigini habar berýär.
15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň guramaçylygynda geçirilen onlaýn maslahatynda türkmenistanly lukmanyň meselesini gozgan derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde häzir bu işiň ähli jikme-jikliklerini bilmeýändigini aýtdy.
Degişli maglumat H.Ismatullaýewa wideoýüzlenme ýazyp, özüniň jenaýat etmändigini aýdypdyrOnuň hukuk goraýjy guramalardaky çeşmesine salgylanyp aýtmagyna görä, Hursanaý Rahmetowna Ismatullaýewa 2015-nji ýyl töwereklerinde Büzmeýinde ýaşaýan, aýagy döwlen, soň jaýy satylyp, özi garrylar öýüne ýerleşdirilen adama kömek edipdir.
"Lukmany kezzapçylykda aýyplaýarlar. Ol iş ozal Büzmeýinde ýaşan bir maýyp adamyň öýi bilen bagly. Şol öý iki-üç ýyl mundan öň satuwa çykarylypdyr, ol maýyp adam bolsa garrylar öýüne ýerleşdirilipdir. Indi lukmanyň tussag edilmeginiň sebäbi, hamala, ol şol öýi satyp berip, onuň puluny öý eýesine doly bermändir" diýip, R.Mätiýew telefon söhbetdeliginde Azatlyk radiosyna aýtdy.
Derňewçi žurnalistiň pikiriçe, Türkmenistanyň hukuk işgärleriniň mundan iki-üç ýyl ozal bolan waka bilen hut şu wagt, lukman öz hukuklary ugrunda açyk göreşýän wagty gyzyklanyp başlamagy geň we bu Hursanaýyň garşysyna gozgalýan jenaýat işiniň syýasylaşdyrylandygyny aňladýar.
Bizde bu işiň syýasylaşdyrylandygyna hiç hili şübhe ýok.R.Mätiýew
diýmek bilen, ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň kezzapçylyk hakyndaky maddasyny hemişe Hursanaý Ismatullaýewa,Nurgeldi Halykow, Gaspar Matalaýew ýaly öz hak-hukuklaryny goraýan ýa-da daşary ýurtlar bilen hat-habar alyşýan raýatlaryň garşysyna ulanýandygyny aýratyn nygtamak isleýändigini aýtdy.
H.Ismatullaýewanyň garaşsyz neşire 2020-nji ýylyň güýzünde beren interwýusynda aýtmagyna görä, ol näsaglardan para almakdan we olary gerekmejek medisina barlaglaryna ibermekden ýüz öwrensoň, 2017-nji ýylda işinden boşadylýar. Emma onuň eden şikaýatlary, Türkmenistanda adatça bolşy ýaly, hiç bir netije bermeýär.
Degişli maglumat Ýewropa parlamentiniň agzalary Türkmenistanda lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmegine çuňňur alada beýan etdi
Tussag edilen lukmanyň ýurduň prezidentine ýüzlenip ýazan wideosynda hem bellenişi ýaly, Türkmenistanda kanun esasynda öz hukuklaryny gorap bilmeýän raýatlar döwlet baştutanyna seslerini eşitdirip bilmän, kähalatda daşary ýurtlardaky garaşsyz neşirlere ýa hukuk guramalaryna ýüz tutýarlar.
Bu ýoly saýlap alan adamlaryň käbiri, tejribeden görnüşi ýaly, häkimiýetleriň has beter ýanamalaryna duçar bolýar.
Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda adam hukuklary we korrupsiýa babatda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär; şol bir wagtda soňky 30 ýylda ýüz müňlerçe raýat türmeden geçdi we adamlar ilki saklananda, soň günä geçişe düşmek üçin ýüklenen ähli günäni ak ýürekden boýun alyp, özüne garşy görkezme bermeli we toba etmeli bolýar. Bu tobalar, düzgün boýunça, wideokameranyň öňünde edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.