Ýolötendäki gaz ýatagynyň golaýynda ýerleşýän gaz kompaniýasynyň işgärleri kükürt ýüklemek işlerine gatnaşdyrylýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň habar bermegine görä, çig mal ýüklemek bilen meşgullanýan işgärleriň köpüsi elektrik, kebşirleýji we operator ýaly dürli hünärmenlerdir.
Şu günler Ýolötendäki Galkynyş gaz zawodynyň işgärleriniň köpüsi kükürt ýükleýär. Zawodyň işgärleriniň sözlerine görä, işgärlere diňe kükürt ýygnamak üçin halta we ellerine pil berilýär, geýim we ýüzlerine dakylýan maskalary her kim özi getirmeli.
"Kükürdiň ysy şeýle bir agyr welin, bir sagat işlänimizden soň ähli eşiklere we bedene siňýär. Biz 10 gün smenada işleýäris. Bu döwürde bedene siňen kükürdiň ysyny dynç günlerinde ýuwup aýyrmak asla mümkin däl"- diýip, gaz zawodynyň bir işgäri anonim gürrüň berdi.
Dünýädäki iň uly gaz ýataklaryndan biri ýerleşýän Ýolöten etraby Mary welaýatynda ýerleşýär. Kükürt tebigy gazda köp bolýar. Gazdan alnan kükürt himiýa we rezin senagatynda çig mal hökmünde ulanylýar.
Degişli maglumat Häkimiýetler iýulda gowaça ekdirýär, agronomlar geň galýarHabarçylaryň sözlerine görä, kärhananyň köp işgärleriniň gatnaşmagynda kükürt ýüklemek işleri soňky aýlarda dowam edýär.
Kärhanada ortaça aýlyk 1000 manat. Şol bir wagtyň özünde, zawodyň işgärleriniň gürrüň bermegine görä, işe ýerleşmek üçin para bermeli bolýar, onuň mukdary ortaça 60000 manada barabar bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursuna görä 17 142 amerikan dollaryndan geçýär. Köp adam işe ýerleşmek üçin emlägini satmaly bolýar ýa-da karz alyp, bergä batýar.
Bahalaryň ýokarlanmagynyň we ilatly ýerlerde zerur infrastrukturanyň ýoklugy bilen baglanyşykly ýüze çykýan hojalyk problemalarynyň fonunda aýlyk-girdejiler köpçüligiň esasy zerurlyklaryny ýapmaýar. Sabynyň bahasy 20 manatdan, kir ýuwýan serişdeleriň 40 manatdan başlanýan nyrhlar çykdajylary artdyrýar.
Mundan başga-da, köp ilatly ýerlerde suw ýetmezçiligi saklanýar we hatda agyz suw bolmaýar. Köp maşgala özlerini suw bilen özbaşdak üpjün etmäge we goşmaça çykdajylary çekmäge mejbur bolýar.
Degişli maglumat Marynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri özleriniň dürli işlere çekilýändiklerini aýdýarlar"Obamyzda agyz suwy ýok. Maşgalamyz aýda iki gezek suw satyn alyp getirtmeli bolýar we ony suw daşaýjylar bilen getirip, howludaky guýa guýdurýar" - diýip, golaýdaky obalaryň birinde ýaşaýan zawodyň işgäri gürrüň berdi. Ol alty aý mundan ozal ýerli häkimiýetleriň öz obasynda suw üpjünçilik ulgamyny gurmak planynyň bardygyny habar berendigini, emma entek onuň durmuşa geçirilmändigini aýtdy.
Tebigy serişdelere baý sebitde ýerleşýän gaz zawodynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, kärhanadaky iş şertleriniň kynlygyna we dürli hünärli işgärleriň mugt güýji hökmünde agyr işlere yzygiderli çekilmegine garamazdan, olaryň köpüsi işini dowam etdirmäge synanyşýarlar we bu işini ýitirmekden howatyrlanýarlar.
Ýurtda döwlet sektoryndaky kärhanalaryň işgärlerini sanynyň azaldylmagy, döwlet we hususy kärhanalaryň ýapylmagy we işsizligiň ýokarlanmagy dowam edýär.
Gaza baý Türkmenistanyň häkimiýetleri uzaga çeken ykdysady krizisi resmi taýdan ykrar etmeýär we ilatyň başdan geçirýän kynçylyklaryny agzamaýarlar. Ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri halk hojalygynyň üstünliklerini wasp etmek tejribesini dowam etdirýärler we ilatyň durmuş-ykdysady kynçylyklaryna göz ýumýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html