“Talyban” öz wekiliýetiniň Pekin resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Hytaýa barandygyny aýdýar

Jeňçi toparyň egindeş esaslandyryjysy Molla Abdul Gani Baradar dokuz agzalyk "Talyban" wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Arhiw suraty.

“Talyban”, jeňçi toparyň egindeş esaslandyryjysy Molla Abdul Gani Baradaryň ýolbaşçylygyndaky dokuz agzalyk wekiliýetiniň hytaý resmileri bilen Pekinde gepleşik geçirendigini aýtdy.

“Duşuşyklarda ykdysadyýet, iki ýurduň howpsuzlygy bilen bagly meseleler, Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we parahatçylyk prosesi ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, “Talybanyň” metbugat sekretary Mohammad Naim 28-nji iýulda twit ýazdy.

Iki günlük sapar Hytaý bilen serhedi bolan Owganystanda “Talybanyň” hüjümlerini güýçlendirip, Birleşen Ştatlaryň ýurtdan goşun çekmegi dowam etdirýän wagtlaryna gabat gelýär. ABŞ Owganystandan goşun çekmek işlerini öňümizdäki aýyň ahyrlaryna çenli tamamlamagy maksat edinýär.

Jeňçiler ýurtda bir topar etraplary we serhet geçelgelerini ele salýar, owgan hökümeti bilen Katarda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerinde bolsa möhüm öňe gidişlik gazanylmaýar.

“Talyban” wekilleri we owgan hökümetiniň resmileri 17-nji iýulda Kataryň paýtagty Dohada gepleşik geçirmek üçin duşuşdylar, ýöne duşuşyklar has köp gepleşik geçirmek wadalaryndan başga netije bermedi.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang I “Talybana” Pekiniň Owganystanyň territorial bitewiligine hormat goýýandygyny aýtdy diýip, Pekindäki Daşary işler ministrligi aýtdy.

“Talyban” delegasiýasy dürli toparlar tarapyndan Owganystanyň özge ýurda dildüwşük gurulýan ýer hökmünde peýdalanylmagyna özleriniň rugsat bermejekdikleri barasynda Hytaýy ynandyrdy diýip, Naim aýtdy.