Harbylardan soň käbir telekeçiler maşgalalaryny türkmen-owgan serhet ýakalaryndan göçürmekçi bolýar

Serhetabat etrabynda bir ýadygärlik. Arhiw suraty.

Mary welaýatynyň türkmen-owgan serhet ýakalarynda ýerleşýän Serhetabat we Tagtabazar etraplaryndan bolup, Baýramaly şäherinde telekeçilik bilen meşgullanýan käbir telekeçiler öz maşgalalaryny serhet ýaka sebitlerden göçürmek üçin tagalla edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan maryly telekeçiler özleriniň şeýle planlaryny serhet ýakalarynda öňünden çaklap bolmaýan näbelli ýagdaýlaryň ýüze çykmak ähtimallygy bilen düşündirýärler. Olar çagalaryny Baýramalyda ýerleşýän orta mekdeplere ýazdyrmakçy bolýarlar.

Mary welaýatynyň Tagtabazar we Serhetabat etraplary Owganystanyň demirgazyk sebitleri bilen serhetleşýär.

Degişli maglumat Türkmenistan owgan serhedinde söweşjeň taýýarlygy güýçlendirýär, ilat öz howpsuzlygyny alada edýär

Telekeçileriň serhet ýaka etraplardan maşgalalaryny Baýramala göçürip eltmek tagallalary ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri uruşdan ejir çekýän Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň owgan hökümet güýçlerine garşy amala aşyrýan hüjümlerini ýygjamlaşdyryp, ýurduň demirgazyk sebitlerinde gözegçiligi ele geçirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Iki hepde töweregi mundan ozal, “Talyban” Türkmenistanyň Mary sebitiniň Serhetabat etraby bilen araçäkleşýän demirgazyk Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesini, şol sanda Turgundy serhet geçelgesini ele geçirdi.

Galyberse-de, telekeçileriň serhet ýakalardan öz maşgalalaryny göçürmek tagallalary pandemiýanyň fonunda raýatlaryň bir sebitden başga sebite gidip-gelmekleriniň barha çäklendirilýän wagtlaryna gabat gelýär.

“Serhetabatda nämeleriň boljagy belli däl. Meniň çagalarym Serhetabadyň bir orta mekdebinde okaýar. Biz özümizden beter çagalarymyzy alada edýäris. Onsoňam, meniň özüm Baýramalyda täjirçilik bilen meşgullanýaryn, aýalym we çagalarym Serhetabatda. Edil häzir, Serhetabada gidip-gelmek gaty kynlaşdy. Has dogrusy, gitseň yzyňa gaýtmak görgi. Polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi. Şol sebäpden, aýalymy we çagalarymy öz ýanyma, Baýramala alyp gaýtmagy göz öňünde tutýaryn. Bu hem gaty kyn” diýip, bir telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ol bu kynçylyklary çagalaryny Baýramaly etrabynyň orta mekdeplerinde okuwa ýazdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri bilen düşündirdi.

Telekeçiniň sözlerine görä, Baýramalyda bir mekdep müdiri bir çagany orta mekdebe kabul etmek üçin telekeçiden 200 dollar möçberinde para soraýar; ýene bir mekdep müdiri her çaga üçin 165 dollar töwereklerinde para soraýar.

Mekdep müdirleri şeýle paralary welaýat bilim müdirligine geçirýändiklerini aýdýarlar.

Degişli maglumat MHM-niň resmileri Marynyň hukuk goraýjylary bilen ýygnaklary geçirip, "bar zada taýýar bolmagy, ýöne aljyramazlygy" duýdurýarlar

“Olaryň soraýan puly meniň üçin az däl, ýöne ýetmese karz almaly hem bolsa, çagalary getirmesem bolmaýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler 1-nji maýdan başlap, Owganystandan ymykly yza çekilip başlaly bäri, ýurt boýunça ýowuzlyklar artdy we “Talyban” jeňçileri öz çäklerini giňeldip başlady.

Türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen Türkmenistan serhede agyr harby tehnikalary çekip başlady, şol bir wagtyň özünde serhet ýaka sebitlerde söweşjeň taýýarlygy güýçlendirdi. Munuň bilen bir hatarda, ýurduň başga welaýatlaryndan baryp, serhet ýaka etraplarda gulluk edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz maşgalalaryny hemişelik ýaşaýan sebitlerine ugratmakçy bolýandyklaryny aýtdy.

“Marydan çagalary gaçyrmaly” diýip, bir hukuk goraýjy işgär iýulyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Serhet ýakalardaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalaryny başga sebitlere ugratmaklary ýerli ýaşaýjylarda howsala döretdi.

“Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň örän howsala düşüp, çagalaryny, aýallaryny Marydan çykarýandyklaryny görýän ýerli ýaşaýjylar hem howsala düşýär” diýip, şonda bir mary ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Köp sanly maryly ýaşaýjylaryň arasynda çagalaryny ýanlary bilen alyp, Aşgabatdan hem aňry, bolsa Balkan welaýatyna gitmek isleýänler bar. Emma hiç bir adam welaýatdan beýleki welaýata goýberilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy

Baýramalyda telekeçilik bilen meşgullanýan serhetabatly we tagtabazarly telekeçileriň maşgalalaryny serhet ýaka etraplardan göçürmek tagallalary harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, serhetde ýokarlanýan howpsuzlyk aladalarynyň arasynda, öz maşgalalaryny başga sebitlere göçürmek synanyşyklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 800 kilometr töweregi serhedi bar. Ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň günorta sebitleri demirgazyk Owganystan bilen araçäkleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.