Moskwa we Aşgabat howpsuzlyk boýunça ynamdar gepleşik gurdy, taraplar umumy howplar boýunça aragatnaşyk saklaýar diýip, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko RIA “Nowostiniň” Owganystandaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagynyň fonunda Türkmenistan bilen gatnaşyk saklaýarsyňyzmy diýen soragyna jogap berende aýtdy.
“Türkmenistan bilen howpsuzlyk pudagynda hem ynamdar dialogy ýola goýduk, onuň çäginde ygtyýarly bölümleriň wekilleri umumy howplar we kynçylyklar barada pikir alyşýar" diýip, Rudenko aýtdy.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, Birleşen Ştatlaryň we NATO güýçleriniň Owganystandaky goşunlaryny doly çykarmaga başlamagy netijesinde, “Talyban” söweşijileri hökümet güýçlerine garşy alyp barýan uruşlaryny güýçlendirip, köp etraby eýelediler we iri şäherlere hüjümlerini ýaýbaňlandyrdylar.
15-nji iýulda ABŞ we Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy.