Eýranda tapgyr altynjy gije geçirilýän protestlerde polisiýa ofiseri öldürildi

Eýranyň Sosangred şäherinde suw ýetmezçiligine garşy protestler geçýär.

Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynda ýiti suw ýetmezçiligine garşy geçirilýän tapgyr altynjy gije protestleriň dowamynda bir polisiýa ofiseri öldürildi. Munuň bilen, bidüzgünçliklerde heläk bolan adamlaryň resmi sany üçe ýetdi.

Döwletiň eýeçiligindäki IRIB tele-kanalynyň ýerli resmileriň birine salgylanyp beren maglumatyna görä, öten agşam port şäheri Bandar Mahşahrde bir polisiýa ofiseri atylyp öldürilipdir, ýene biriniň aýagyna ýaragdan ok atylypdyr.

Tele-habarlarda polisiýanyň ölüminde “pitneçeler” diýlip häsiýetlendirilen adamlar aýyplandy.

Eýran soňky 50 ýylyň içindäki iň ýiti gurakçylygy başdan geçirýär. Bu suwy dolandyrmakdaky bärden gaýtmalar bilen utgaşyp, ýurduň oba-hojalyk pudagyna ýaramaz täsir ýetirdi we howdanlary guratdy.

Ýurduň käbir künjeklerinde eýýäm ençeme hepde bäri elektrik üpjünçiliginde hem bökdençlikler döreýär.

Mundan başga-da, protestler ýurtda koronawirus ýagdaýlarynyň ýaramazlaşan, şeýle-de ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli ykdysadyýetiň çökgünlige uçran döwrüne gabat geldi.

Ýurduň nebit pudagynda müňlerçe işçi has köp aýlyklary we iş şertlerini talap edip, iş taşlaýyşa başladylar.

Resmiler häzire çenli suw ýetmezçiligine garşy geçirilýän demonstrasiýalarda heläk bolan iki ýetginjegiň ölümini tassykladylar. Emma resmi bolmadyk maglumatlara görä, 15-nji iýuldaky protestlerde bäş adam ýogalypdyr.