Habarçymyz MHM-niň ýerli edaralarynyň işgärleriniň dindar we namazhon hasaplanýan adamlaryň öýlerinde Gurhandan başga dini kitabyň saklanylmazlygyny talap edýändigini aýdýar.
Şeýle-de, ol häkimiýetleriň ýerli dindarlaryň kitap tekjelerinden tapan del hasaplanýan dini çeşmelerini öz ýanlary bilen alyp gidýändigini habar berýär.
Maglumata görä, MHM-niň ýerli edaralarynyň işgärleri dini kitaplaryň “Türkmenistanyň din standartlaryna gabat gelip-gelmeýändigini” barlaýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda raýatlaryň din azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.
Degişli maglumat Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy. Sebäbi – bolanokHabarçymyz “Talyban” jeňçileriniň Owganystana howp abandyrýan mahaly, Türkmenistanda “Talyban” we “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparlarynyň wagyzçylarynyň köpelýändigi barada maglumatlaryň bardygynyň aýdylýandygyny habar berýär.
Häkimiýetleriň Lebapda dindar hasaplanýan adamlara garşy güýçlendirýän basyşlary, türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda “Talyban” jeňçileriniň öz çäklerini giňeldip, serhet ýakalarynda ekstremist toparlaryň hereket edýändigi barada habar berilýän wagtlaryna gabat gelýär.
Şeýle-de, Lebapda dindarlaryň öýleri musulmanlaryň Gurban baýramynyň ilkinji güni döküldi.
Bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýerli dindarlaryň häkimiýetler tarapyndan öýleriniň dökülişi barada gürrüň berdi.
Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli onuň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary aýan etmekden saklanýar.
Ýerli ýaşaýjy öz ýaşaýan sebitinde musulman dinine eýerýän onlarça dindaryň öýüniň häkimiýetler tarapyndan dökülendigine özüniň şaýat bolandygyny aýdýar we häkimiýet wekilleriniň ýerli dindarlaryň öýünden dini kitap gözländigini sözüne goşýar.
Galyberse-de, ýerli ýaşaýjy dindarlaryň öýleriniň dökülmegi barada habar alan beýleki käbir sebit ýaşaýjylarynyň hem öz öýlerindäki käbir kitaplary ýaşyrandygyny aýdýar. Ýaşyrylan kitaplaryň mazmuny barada maglumat ýok, ýöne Azatlygyň habarçysyna görä, MHM işgärleri Gurhandan başga dini kitaba şübheli çemeleşýär.
Uly ýaşly bir sebit ýaşaýjysy SSSR döwründe dindarlaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanyşyny ýatlaýar:
Degişli maglumat Din azatlygy boýunça komissiýa Türkmenistany ýene 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi“SSSR döwründe-de dindarlaryň öýleri dökülerdi. Häzir hem ýurtda ýeke radikal dörese, häkimiýetler 3 million ilata şübheli garaýarlar” diýip, uly ýaşly sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
“Adamlaryň din taýdan sowatsyz bolmagy has howply... Bu ýagdaý adamlaryň daşardan gelýän islendik dini akyma bilmän goşulmagyna sebäp bolup biler” diýip, ol aýdýar.
Galyberse-de, habarçymyzyň gürrüňdeşi MHM-niň dindarlara edýän basyşlaryny özüniň oňlamaýandygyny, bu basyşlaryň ýagdaýy has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýar.
“MHM islendik mazmunda dini kitap tapsa, hatda ol kitaplar Türkmenistanyň din standartlaryna gabat gelse-de, adamlary soraga çekip, olara arak içirjek bolup, dindarlarymyzyň hukuklaryny depeleýär” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Dünýewi Türkmenistanyň baş kanuny raýatlaryň din azatlyklaryny kepillendirýär.
Ýöne iş ýüzünde dürli dinleriň wekilleri, şol sanda musulman ynanjyna eýerýän adamlar, özleriniň häkimiýetler tarapyndan ýanalýandyklaryny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.