Türkmen raýatlary Belarusda okaýan daşary ýurtly studentleriň iň uly bölegini emele getirýärler. Bu barada turkmen.news neşiri Belarusyň Milli statistika komitetine salgylanyp, 20-nji iýulda habar berdi.
Komitetiň "Belarus respublikasynda bilim" atly maglumaty şu ýylyň iýul aýynda çap ediildi. Onda 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistanyň 8 müň 738 raýatynyň okaýandygy aýdylýar.
Bu döwürde Belarusyň uniwersitetlerinde jemi 20 müň 936 daşary ýurtly talyp hasaba alyndy. Türkmenistany 3 müň 634 student bilen Hytaý yzarlaýar. Russiýa 1 müň 517 student bilen üçünji orny eýeleýär.
Degişli maglumat Habarçy: ÝOJ-lar býujetden aýrylyp, şertnama esaslaryna geçirilýärBelarus statistika gullugynyň maglumatynda ýurduň orta hünär mekdeplerinde Türkmenistanyň 123 okuwçysynyň okaýandygy hem aýdylýar. Olar Belarusdaky daşary ýurtly okuwçylaryň iň uly üçünji bölegini emele getirýärler. Bu ugur boýunça birinji orny Russiýa (370), ikinji orny Ukraina (139) eýeleýär.
Belarus türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Beýleki tarapdan, Türkmenistan 2019-njy ýylyň martynda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny çäklendirdi. Bu sanawda Belarusyň diňe 1 sany uniwersitetiniň ady bar.
Bu çäklendirmä garamazdan, belarus statistika gullugynyň maglumatyna görä, Belarusda okaýan daşary ýurtly studentleriň sany boýunça Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri birinji orny saklap gelýär. Gullugyň maglumatlarynda bu ýyldan ozalky sanlar görkezilmeýär.
Belarusdaky türkmen studentleriniň sany durnukly bolup, bu görkeziji soňky bäş ýylyň dowamynda 7 müň 982-den 8 müň 738 adama ýetipdir.
Azatlygyň belarus häkimiýetleriniň ýaýradan bu sanlary barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan we Statistika baradaky döwlet komitetinden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.
Şu günler Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek kampaniýasy dowam edýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçiren mejlisinde bu kampaniýanyň 12-nji iýuldan 27-nji awgusta çenli dowam etmelidigi barada karar kabul edildi.
Degişli maglumat ÝOJ-lara kabul etmek möwsüminiň başlanmagy bilen, Talyplar Saglyk öýüniň öňünde uly nobatlar dörediTürkmen hökümetiniň ýygnagynda geçen ýyllardan tapawutlykda, bu ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary boljakdygy aýdyňlaşdyrylmady. Geçen okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student we orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edilipdi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany, türkmen hökümetiniň mundan ozalky ýyllarda çap eden sanlaryna görä, 100 müň çemesi bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sany ortaça 25 müňe barabar bolýar.
Synçylar jemi 60-dan gowrak ýokary we orta hünär berýän mekdebi bar bolan Türkmenistanda okuw orunlarynyň az bolup, okajak ýaşlaryň has köp bolmagy türkmen biliminde parahorlugyň giň ýaýramagyna sebäp bolýar diýýärler.
Ýurduň çägindäki ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärler.
Belarusdan başga-da, Türkiýe, Russiýa we Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaýradýan resmi sanlarynda türkmenistanly ýaşlar daşary ýurtly studentleriň sany boýunça ilkinji orunlary eýeleýärler.
Degişli maglumat Türkmen ÝOJ-larynda ‘para möwsümi’ başlaýar