Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda näbelli ýagdaýlarda azyndan iki ofiser bilen birlikde 18 harby gullukçy öldi. Asly Lebap welaýatyndan bolan alty harby gullukçynyň jesedi 18-nji iýul gijesinde hossarlaryna gowşuryldy. Bu habar Azatlyk Radiosynyň şu wagta çenli ygtybarly maglumat berýän iki çeşmesi tarapyndan tassyklandy. Mundan başga-da, Lebap welaýatyndaky Azatlygyň habarçysy pida bolanlaryň ikisiniň obasyna, ýagny iki oba baryp gördüler hem harby gullukçylaryň 19-njy iýulda günortan jaýlanandygyny tassykladylar.