Aşgabat aktiwistleri susdurmak praktikalaryny dowam etdirýär

Nýu-Ýork. Türkmen protestçileri. Arhiw suraty

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki fondy we "Memorial" merkezi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda türkmen aktiwistlerine edilýän basyşlaryň dowam etdirilýändigini habar berýär.

Düýbi Bolgariýada we Orsýetde ýerleşýän guramalar 16-njy iýul güni giçlik öýünden näbelli tarapa alnyp gidilen gökdepeli lukman Hursanaý Ismatullaýewa, tussag edilen doganlar Alty we Myrat Duşemowlar, Juma Jumakaýew, migrant işçi Merdan Joraýew daga edilýän basyşlar barada giňişleýin maglumat çap etdi.

Degişli maglumat Türkiýede türkmen aktiwistlerine basyş edilýär

Azatlyk 2017-nji ýylyň tomsunda işinden boşadylan lukmanyň öz iş, hünär hukuklary ugrundaky göreşiniň dört ýyl soňra näbelli tarapa alnyp gidilmegine getirişini ozal habar beripdi. Türkmen häkimiýetleri bu çäräni onuň meselesi Ýewropa parlamentiniň agzalary bilen geçirilen onlaýn maslahatynda gozgalandan soň, gyssagly ýagdaýda görene meňzeýär.

Ýöne şol gün, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň çap eden beýanatyna laýyklykda, 16-njy iýulda Aşgabatda 32 ýaşyndaky Alty Duşemow hem tussag edildi.

Polisiýanyň işgärleri onuň garyndaşlaryna saklanylýan ýerini we tussag edilmeginiň sebäplerini aýtmakdan boýun gaçyrýarlar diýip, hukuk goraýjylar ýazýar.

Aktiwistleriň tassyklamagyna görä, Alty Duşemow bir hepde öň daşary ýurtlardaky türkmen bloggerleriniň birine bank sakçysy bilen maska geýmek talabynyň esaslary barada eden gürrüňiniň wideoýazgysyny iberipdir we ol çap edilipdir.

Altynyň agasy, Youtube ulgamynda wideomaglumatlary çap edilen Myrat Duşemow saglyk resmisinden koronawirusa garşy sanjymlar baradaky görkezmäniň nusgasyny görkezmegini talap edeninden soň, jerime tölemeli boldy.

Öz şikaýat arzasy we kazyýet binasynyň öňünde düşen kemsidiji ýagdaýlary barada wideo çap eden Myrat Duşemow 7-nji iýulda, öz dosty Juma Jumakaýew we onuň aýaly Lýeli Nurmetowa bilen Aşgabatdan Daşogza barýarka, ýoluň 142-nji kilometrinde saklanyp, tussag edildi.

Aýdylmagyna görä, M.Duşemow we J.Jumakaýew häkimiýtleriň koronawirusdan "negatiw netijeli" testiň nusgasyny görkezmkleri baradaky talabyna bu talabyň hukuk esaslaryny, ýagny ýazmaça dokument görkezmekleri baradaky talap bilen jogap berýärler.

Degişli maglumat Ömruzak Omarkulyýewiň dereksiz ýitirim edilenine üç ýyl bolsa-da, ondan habar ýok

Ýol polisiýasynyň kapitany B.Saparowyň wada beren "dokumentine" jokrama yssyda dört sagat garaşanlaryndan soň, protest hökmünde, sürüji Jumakaýew öz awtoulagyny awtoýolda keserdip goýýar we şondan soň Duşemow bilen bilelikde tussag edilýär.

Şol gün olar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap kazyýeti tarapyndan "ownuk bozgaklykda" günäli tapylýar we, bolan wakany ýazgy eden telefonlary alnyp, 15 gije-gündiz tussaglyga höküm edilýär. Jumakaýewiň aýalyna 100 manat jerime salynýar.

Mundan başga, Türkiýedäki aktiwistler hem soňky aýlarda basyşyň has güýçlenendigini aýdýarlar.

Stambuldaky gurluşyklaryň birinde işleýän 36 ýaşly Merdan Joraýew birnäçe aý ozal Tik-Tokda türkmen režimini tankyt etmäge başlanyndan kän wagt geçmänkä türkmen häkimiýetleriniň reaksiýasy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

20-nji aprelde onuň Türkmenabatda ýaşaýan aýal dogany Aziza Hemraýewa jaý edarasyna çagyrylyp, atlaryny aýtmadyk raýat eşikli adamlar tarapyndan gorkuzmaga synanyşyldy. Olar Merdanyň çykyşlaryny diňledip, Azizany her tarapdan surata düşürdiler we doganynyň gaýdyp internetde çykyş etmeli däldigini, täze pasport üçin bolsa "Türkmenistana dolanyp biljekdigini" aýtdylar.

Bäş çaganyň ejesi bolan 29 ýaşly Aziza 4-nji maýda ýene haýbat atylýar, bu gezek häkimiýetler oňa "bütin maşgalasynyň watan dönügi ediljekdigini, çagalarynyň mekdepden we çagalar bagyndan kowuljakdygyny" aýdýarlar.

11-nji maýda bolsa Aziza ýapyk awtoulagda alnyp gidilip, 4 sagada golaý bir jaýda saklanýar.

Degişli maglumat DWT: Tussag edilen aktiwistlerimiziň meselesini tutuş dünýä eşitdirmekçi

Aziza doganynyň uly adamdygyny, öz pozisiýasynyň bardygyny, onuň üçin jogap bermeýändigini aýdyp, oňa telefon etmegi teklip edýär. Soragçylar bu teklibi diňlemän, Türkiýede gazanç edýän adamsy Babamyrat Elmyradowyň telefon nomerini alyp, "indiki gezek has erbet boljakdygyny" aýdyp, ony goýberýärler.

Hukuk goraýjylar şondan soň ozal Merdan bilen gürleşmeýän Elmyradowyň oňa jaň edip, duşuşjak bolandygyny, bu başa barmansoň, "dönük" atlandyryp, haýbat atyp başlandygyny, soňra haýbatlaryň başga, has gümürtik görnüşlere geçendigini habar berýärler.

Merdanyň Türkmenistandaky dogany Aziza oňa geçen aý indiden beýläk telefonda gürleşip bilmejekdigini, häkimiýetleriň has kän basyş etmeklerinden howatyr edýändigini aýdypdyr.

Türkmen häkimiýetleri öz kanuny hukuklaryny talap edýän aktiwistleriň we olaryň garyndaşlarynyň bikanun ýanalyşy barada çykýan maglumatlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.