Tihanowskaýa Ak Tamdaky duşuşygyň öňüsyrasy, ABŞ-ny “Belarusyň ýanynda durmaga” çagyrdy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 20-nji iýulda Ak Tamda gepleşikleri geçirer we ABŞ-nyň senatorlary bilen duşuşar. Tihanowskaýa diýdimzor Aleksandr Lukaşenka garşy alnyp barylýan demokratiki herekete goldaw ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýär.

Tihanowskaýa Ak Tamda ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jake Sulliwan bilen gepleşikleri geçirjekdigini, şeýle-de Seanatda iki partiýanyň wekilleri bilen hem duşuşjakdygyny mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Tihanowskaýa CNN-e beren interwýusynda özleriniň Birleşen Ştatlaryň has köp hemaýatyna mätäçdiklerini aýtdy we ABŞ-nyň öz ýanlarynda “durmak üçin ahlak jogapkärçiliginiň bardygyny” sözüne goşdy.

“Men ABŞ-dan raýat jemgyýetiniň aman galmagyna hemaýat bermegini soraýaryn. Belarusyň ýanynda duruň” diýip, bosgunlykdaky oppozisiýa lideri aýtdy.

Tihanowskaýa eýýäm döwlet sekretary Antoni Blinken, onuň syýasy gatnaşyklar boýunça orunbasary Wiktoria Nuland we Döwlet departamentiniň geňeşçisi Derek Çollet bilen duşuşdy.

Döwlet departamenti gepleşikleriň dowamynda “Lukaşenkanyň režiminiň dowam etdirýän basyşlarynyň bes edilmegi, Belarusdaky syýasy tussaglaryň ählisiniň şertsiz ýagdaýda azatlyga goýberilmegi, ähli taraplaryň gatnaşmagyndaky syýasy dialog we halkara synçylarynyň gözegçiliginde täze prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegi” barada gürrüň edilendigini aýtdy.

“Mundan başga-da, olar Birleşen Ştatlaryň belarus halkynyň demokratiki ymtylmalaryna dowamly goldawyny nygtadylar” diýip, beýanatda aýdylýar.