Owgan hökümeti bilen “Talyban” Kataryň paýtagtynda geçirilýän gepleşikleriň soňky tapgyrynda möhüm öňe gidişlik gazanyp bilmedi, ýöne taraplar öňümizdäki hepde gaýtadan duşuşmak barada ylalaşdy.
Dohada iki gün dowam eden gepleşiklerden soň, taraplar 18-nji iýulda bilelikde beýanat çap edip, “ylalaşyk gazanylýança ýokary derejeli gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini” aýtdylar.
Ýöne beýanatda Owganystanda 20-nji iýulda başlanýan Gurban baýramynyň dowamynda ok atyşmagy bes etmek barada gürrüň edilmeýär.
Mundan ozal, “Talyban” we Kabul hökümeti musulman baýramçylyklarynda birnäçe gezek gysga möhletli ýaraşyk boýunça ylalaşyp, şeýle ylalaşyklaryň uzak möhletli ýaraşyga öwrüljekdigi barada umyt döretdi.
“Talyban” we owgan hökümetiniň arasynda Dohada geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri birnäçe aý bäri togtadylýar.
Bu arlaykda, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçler Owganystany terk edýän mahaly jeňçi topar ýurduň 421 etrabynyň tas ýarysyny öz gol astyna geçirip, agyr hüjümleri alyp barýar, birnäçe welaýat merkezine howp abandyrýar we bir topar serhet geçelgelerini ele geçirýär.