Türkmenistanda öz iş, hünär hukuklaryny talap edýän lukman näbelli tarapa alnyp gidildi

Hursanaý Ismatullaýewa. "Turkmen.news" neşiriniň fotosuraty

Azatlygyň 16-njy iýulda habar berşi ýaly, Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen gurnan wideoşekilli maslahatynda derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew  H.Ismatullaýewanyň ýanalyşy hakynda hem gysgaça durup geçdi.

Türkmenistanda lukman Hursanaý Ismatullaýewa näbelli tarapa alnyp gidildi diýip,
Türkmen.news” neşiri habar berýär.

Gökdepe şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň ozalky lukmany Hursanaý Rahmetowna Ismatullaýewa 16-njy iýulda öz öýünden näbelli tarapa alnyp gidildi. Ol 2017-nji ýylyň tomsunda näsaglardan para almakdan ýüz öwrendigi we olary gerekmejek tölegli saglyk barlaglaryna, operasiýa bejergilerine ibermekden boýun gaçyrandygy üçin işden boşadyldy diýip, habarda aýdylýar.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, şol gün giçlik onuň öýüne 10 töweregi adam geldi. Gelenleriň käbiri raýat eşikli bolsa, beýlekileri polisiýa lybasyndady.

Degişli maglumat Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär

Şeýle-de, lukmany näbelli tarapa alyp giden adamlaryň onuň öýünde bolan tehnika enjamlarynyň we telefonlaryň ählisini özleri bilen alyp gidendigi habar berilýär.

Azatlygyň 16-njy iýulda habar berşi ýaly, 15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen gurnan wideoşekilli maslahatynda derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew H.Ismatullaýewanyň ýanalyşy hakynda hem gysgaça durup geçdi.

“Türkmen.news” öz hukuklary, hünäri boýunça işe ýerleşmek ugrunda göreşýän lukmanyň şol maslahatdan soň gyssagly ýygnalandygyny belleýär we alnyp gidilenine bir gije-gündiz geçse-de, ol barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny habar berýär.

Ozal “Türkmen.news” neşirinde habar berlişi ýaly, lukman Ismatullaýewa Gökdepedäki “Ene mähri” merkezinden bikanun işden boşadylýar we dört ýyl bäri özi babatda ýol berlen adalatsyzlygy düzetmäge çalyşýar. Bu barada neşir 2020-nji ýylyň noýabrynda jikme-jik habar berdi.

Şeýle-de, garaşsyz neşir öz kanuny haklaryny talap edýän lukmanyň häzirki düşen ýagdaýy barada diplomatiki missiýalara we halkara adam hukuklary gurmalaryna habar berendigini aýdýar.

Degişli maglumat Ogulsapar Myradowanyň tussag edilenine 15 ýyl boldy. Žurnalistiň ölümi baradaky soraglar gün tertibinden aýrylmaýar

Türkmenistanda öz hak-hukuklaryny ýa-da durmuşdaky adalatsyzlyklaryň düzedilmegini talap edýän raýatlaryň birnäçesi, şol sanda çärjewli Kakabaý Tejenow, agyz suwy meselelerini gozgan garrygalaly pensioner Amangelen Şapudakow, syýasy partiýa döretmekçi bolan bäherdenli taryh mugallymy Sazak Durdymyradow dagy hem öz wagtynda näbelli tarapa alnyp gidildi we soň olaryň, galplaşdyrylan şikaýatlar esasynda, mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirilendigi mälim boldy.

Elbetde, bu adamlar soňra, halkara hukuk toparlarynyň talaplary esasynda azat edildi. Ýöne öz emläk hukuklary ugrunda göreşen telekeçi Bazargeldi we onuň aýaly Aýjemal Berdiýewa uzak ýanamalardan soň, ahyrynda tussag edildi.

Türkmenistanda başga pikirlileri, hususan-da öz hukuklaryny açyk talap edýän az sanly adamlary susdurmak üçin ulanylýan dürli bikanun usullar sowet praktikalaryndan uç alýar we ýerli synçylar bu ýagdaýyň ýurtda kanunlaryň raýatlaryň hukuklaryna gezek gelende düýpden ysmaz hala düşmegine getirendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.