Bütindünýä banky Türkmenistanyň COVID-19 garşy çäre proýekti üçin $20 million berer

Türkmenistan ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almady.

Bütindünýä banky Rekonstruksiýa (täzeden guruş) we ösüş bankynyň adyndan Türkmenistanyň COVID-19 garşy çäre proýekti üçin 20 million dollar möçberinde pul serişdelerini bermek baradaky netijäni tassyklady. Bu barada Bütindünýä banky 9-njy iýulda habar berdi.

Maglumata görä, Bütindünýä banky hususan-da Ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün edýän Meýilnamanyň çägindäki ileri tutulýan çäreleri goldar. Bu ýurt derejesindäki koordinasiýany güýçlendirer, howplar baradaky maglumatlar elýeterliligini we ilat bilen aragatnaşygy gowulandyrar, şeýle-de test, garşy göreş, ýokanç kesilleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek mümkinçiliklerini güýçlendirer diýip, beýanatda bellenilýär.

"COVID-19 pandemiýasy dünýäde, şol sanda Türkmenistanda-da köp güýç bilen gazanylan üstünliklere görlüp-eşidilmedik derejede howp abandyrýar, şeýle-de gyssagly we aýgytly çäreleri talap edýär" diýip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Täjigistandaky regional dolandyryjysy Ýan-Peter Olters belledi. "COVID-19-a garşy çäreler boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistan saglyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de has netijeli we öz içine alyjy saglyk hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça has bitewi çemeleşmäge has gowy taýýarlykly bolar".

Türkmenistan global pandemiýa başlan döwründen bäri, ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almady. Emma Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz türkmen neşirleriniň habarçylary ýurtda wirus bilen keselleýänleriň-de, ondan ölýänleriň-de köpdügini aýdýarlar.