Türkmenistan COVID-19 waksinasyny hökmany etdi

Türkmenistan global pandemiýanyň fonunda 2020-nji ýylyň iýulynda maska režimini güýje girizdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurduň 18 ýaşdan ýokary ýaşaýjylaryndan hökmany COVID-19 waksinasyny kabul etmegi talap edýär.

Ýurduň saglyk ministrligi çarşenbe güni döwlet metbugatynda çap eden maglumatynda ýurt boýunça zerur bolan sanjym gorlarynyň üpjün edilendigini habar berdi.

Ministrlik 18 ýaşyny doldurmadyk raýatlardan, göwreli aýallardan, çaga emdirýän enelerden we başga çylşyrymly saglyk ýagdaýy bolmadyk raýatlardan daşgary ähli ýaşaýjylardan COVID-19 keseline garşy waksina kabul edilmegini duýdurýar.

Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany maska düzgüni, sebitara hereket çäklendirmeleri ýaly keseliň öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirdi.

Degişli maglumat Koronawirusy boýun almaýan türkmen häkimiýetleri maska režimini täzeden güýçlendirýär

Saglyk ministrliginiň hökmany waksina talaby boýunça çap eden beýannamasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji iýunda Hytaýyň “Sinofarm” kompaniýasyndan 1 million 500 müň doza koronawirus waksinasyny satyn almak barada karara gol çekmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Täjigistan öz raýatlaryndan hökmany koronawirus sanjymyny kabul etmegi talap etdi.Bu barada Täjigistanyň döwlet mediasy 3-nji iýulda habar berdi.

Galyberse-de, Gazagystan geçen aý döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň işgärlerine koronawirus waksinasyny hökmany etdi.

Türkmenistan öz çäginde Russiýanyň “Sputnik V” hem-de “EpiVacCorona” sanjymlaryny bellige aldy.

7-nji iýulda Hytaýyň döwlet mediasy bilen ilteşikli bir Twitter hasabynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan koronawirusa garşy Bütindünýä Saglyk guramasynyň sanawyna girizilen bir hytaý sanjymyny hem bellige alypdyr.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň 7-nji maý hasabatyna görä, Türkmenistan Hytaýyň “China National Biotec Group Company Limited” (“Sinopharm”) kompaniýasynyň öndürýän bir COVID-19 sanjymyny gyssagly ýagdaýlarda ulanmak üçin hasaba alypdyr.

Galyberse-de, Türkmenistanda sebitlerdäki we paýtagt Aşgabatdaky sanjym merkezleriniň kuwwaty barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Türkmenistanda maşgala lukmanlary ilat arasynda sanjym işlerini alyp barýarlar.

Bu aralykda, ýurtda sanjym kampaniýalaryna bat berilýän wagtynda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatda entek antitela testlerini tabşyrmagyň kynçylyklary barada habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasynda ganyň düzümindäki antitela barlaglary ýerli ýaşaýjylar üçin elýeterli däl, şeýle hyzmat diňe daşary ýurtlulara hödürlenýär.

Habarçy Çoganlynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda hem antitela testleriniň ýerli ýaşaýjylar üçin elýeterli däldigini, şeýle testleriň diňe daşary ýurtlulara hödürlenýändigini habar berýär.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýdan uç alan koronawirus epidemiýasy 2020-nji ýylyň martynda Bütindünýä Saglyk guramasy tarapyndan pandemiýa yglan edildi.

Türkmenistan öz çäginde koronawirusy tutanýerli inkär edip gelýär. 2020-nji ýylyň tomsunda Bütindünýä Saglyk guramasynyň ýörite COVID-19 missiýasy Türkmenistana sapar etdi. Ýöne halkara saglyk ekspertleri Türkmenistanyň koronawirus hasabatlary bilen ylalaşyp, iýulyň ortasynda ýurdy terk etdi.

Munuň yz ýany, saglyk guramasynyň Ýewropa ýurtlary boýunça regional direktory Hans Klýuge Türkmenistanyň koronawirus test seljermeleriniň BSG-niň öz barlaghanalarynda öwrenilmegi üçin alnyp gaýdylmagy babatynda türkmen prezidentinden rugsat sorandygyny we munuň oňyn kabul edilendigini mälim etdi.

Klýuge Bütindünýä Saglyk guramasynyň Ýewropa bölüminiň 7-nji iýulda geçiren media maslahatynda Türkmenistan häkimiýetleriniň test nusgalary boýunça BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça bölüminiň çagyryşlaryny we haýyşlaryny henize çenli kanagatlandyrman gelýändigini mälim etdi.

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar hereket edýär. Prezident Berdimuhamedow adatdan daşary topar bilen iýunyň ikinji ýarymynda yzly-yzyna iki gezek duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda prezident COVID-19 hadysalarynyň ýurduň çäginde ýüze çykarylmandygyny aýtdy.

Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, 7-nji iýula çenli tutuş dünýäde 170 million adamda COVID-19 hasaba alyndy, 4 milliondan gowrak adam bu kesel bilen aradan çykdy.

Türkmenistanyň saglyk ministrligi mejbury koronawirus sanjym talaplary boýunça çap eden soňky maglumatynda koronawirus sanjymynyň birinji dozasynyň kabul edilmeginden 21 gün soň onuň ikinji dozasynyň kabul edilmegini duýdurýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň "ýokdugyny" tekrarlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.