Hindi ummanynda Ysraýylyň eýeçiligindäki gämä hüjüm edildi

CSAV Tyndall gämisi

3-nji iýulda Hindi ummanynda Ysraýylyň eýeçiligindäki ýük gämisine hüjüm edildi.

Ysraýylyň N12 tele-kanalynyň ýurduň goranmak pudagyndaky atlandyrylmadyk bir resmä salgylanyp beren maglumatyna görä, gäminiň ekipažyna şikes ýetmändir. Mundan başga-da, gämä ujypsyz zyýan ýetip, ol hadysadan soňra ýoluny dowam etdiripdir.

N12 tele-kanaly häzir Ysraýylyň goranmak resmileriniň bu hadysanyň arkasynda Eýranyň güýçleriniň durup-durmandygyny seljerýändigini hem habar berdi.

Mundan öň, Liwanyň “Al Maýadin” tele-kanaly gämä Hindi ummanynda näbelli ýarag bilen hüjüm edilendigini aýtdy.

Marine Traffic platformasynyň maglumatyna görä, CSAV Tyndall gämisi Liberiýanyň baýdagy astynda hereket edip, ol Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlarynda saklanypdyr. Onuň Saud Arabystanyndan Birleşen Arap Emirliklerine tarap hereket edendigi aýdylýar.

Soňky aýlaryň dowamynda şuňa meňzeş hadysalaryň birnäçesi ýüze çykdy.

Aprelde Gyzyl deňizde Eýranyň ýük gämisine partlama sebäpli az-owlak zeper ýetdi. “The New York Times” neşiri bu hüjümiň arkasynda Ysraýylyň durandygyny ýazdy.