Azerbaýjan minalaryň kartalarynyň öwezine ermeni esgerlerini ekstradisiýa etdi

Azerbaýjanyň esgerleri Agdam şäheriniň töweregindäki sebitleri minalardan arassalaýarlar (arhiw suraty)

Azerbaýjan Ermenistana ýerleşdirilen minalar baradaky kartalarynyň öwezine ele salnan 15 ermeni esgerini berdi. Bu barada iki ýurduň hem daşary işler ministrleri 3-nji iýulda mälim etdiler.

Geçen ýyl dawaly Daglyk-Garabag sebiti üstünde Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleri alty hepde söweşdiler. Çaknyşyklar noýabrda, Moskwanyň araçylyk etmegindäki, ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk bilen tamamlandy. Oňa laýyklykda, Baku Daglyk-Garabagyň we onuň töweregindäki ýedi etrabyň käbir sebitlerini öz gözegçiligine geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Russiýanyň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga laýyklykda, Ermenistan Bakuwyň gözegçiligine geçen Fizuli we Zangilan regionlarynda tanklara we şahsy düzüme garşy niýetlenen 92 müň minanyň ýerleşdirilen ýerleriniň kartalaryny beripdir.

“Adamçylyk hökmünde, Azerbaýjan tarapy asly ermeni 15 adamy Ermenistana ekstradisiýa etdi” diýip, beýanatda bellenilýär.

Esgerler öýlerine dolanandan soňra, Ermenistan olaryň ählisiniň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şirak regionyndan bolandygyny mälim etdi.

Ermeni hökümi minalaryň kartalarynyň Azerbaýjana “ýagşy niýetiň yşaraty” hökmünde berlendigini aýtdy.

Daglyk-Garabag we onuň töwerekleri ozalky Sowet Soýuzyndaky iň köp minalaryň ýerleşdirilen sebitleriniň biridir.

Noýabrdaky ok atyşlyklary bes etmek baradaky ylalaşykdan bäri, sebitdäki minalar sebäpli ýedi azeri esgeri we parahat ilatyň arasyndan 18 adam öldi, başga-da ýüzlerçe adam ýaralandy.