Koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagy bilen, waksina etdirmek çagyryşlary güýçlenýär

Indoneziýada 2-nji iýulda wirusyň 25 müň täze ýagdaýy we ol sebäpli heläk bolan 539 adam ölümi hasaba alyndy.

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagy bilen, adamlary waksina sanjymlaryny urdurmaga çagyrdy.

Wirusyň ilkinji gezek Hindistanda hasaba alnan delta görnüşi häzir dünýäniň azyndan 85 döwletinde ýüze çykaryldy. Ol sebäpli birnäçe ýurtda wirusyň ýaýramak gerimi ýokarlandy. Koronawirusyň delta görnüşi adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýär.

Ursula fon der Leýen 2-nji iýulda Litwada çykyş edip, delta sebäpli wirusyň geriminiň artýandygyny, ýöne COVID-19-a garşy eýýäm bar bolan waksinalaryň oňa garşy netijeli göreşýändigini hem belledi.

3-nji iýulda Indoneziýa Jakartada bölekleýin petiklenme yglan etdi. Ýurtda wirusyň has köp ýaýran sebitlerinde metjitler, restoranlar we söwda merkezleri ýapyldy. Indoneziýada 2-nji iýulda wirusyň 25 müň täze ýagdaýy we ol sebäpli heläk bolan 539 adam ölümi hasaba alyndy. Görkezijileriň ikisi-de ýurt üçin gündelik hasaba alnan iň ýokary sanlar boldy.

Awstraliýanyň Täze Günorta Wales ştatynda şu ýylyň başyndan bäri COVID-19 bilen kesellänleriň gündelik rekord görkezijileri hasaba alyndy.

Bu aralykda, Türkmenistan global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny öňe sürmegini dowam etdirýär.