Ykdysady krizis azyk ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy, inflýasiýa we giňden ýaýran işsizlik ilatyň arasynda nägileligi döredýär. Türkmenistanyň ilatynyň gitdigiçe has uly bölegi subsidirlenen bahalardan satylýan önümlere bagly bolýar, emma azygyň elýeterliligi kynlaşýar.
1-nji iýunda irden Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň birinde dükan müdiri bilen "elitniý" diýilýän ýokary oňaýlykly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda dawa ýüze çykdy. Ýaşaýjylar subsidirlenen önümleri satmagyň tertibi barada şikaýat etdiler.
Azatlygyň habarçylarynyň gürrüň bermegine görä, ýaşaýjylar subsidirlenen iýmitiň öten agşam öňünden duýdurmazdan "ýuwaş" satylandygyna gaharlandylar. Önümler ýaşaýyş jaýlaryň öňüne agşam sagat 7-den soň getiripdir we çalt satylypdyr.
"Näme üçin azyk getireniňizde, gelendigiňiz barada habar bermeýärsiňiz. Iň bolmanda girelgelerde oturýan garawullara bize duýduryş bermegi aýdyp bilerdiňiz" - diýip, alyjylaryň gaharly aýdandygyny habarçymyz gürrüň berýär.
Degişli maglumat Aşgabatlylar azyk paýlary boýunça kepillik isleýärHabarçynyň sözlerine görä, dükanyň müdiri müşderileriň şikaýatlarynyň aşa köpdüginden nägilelik bildiripdir we ýaşaýjylara "has ünsli" bolmagy we ýygy-ýygydan "penjirä seredip" önümleriň getirilmegine garaşmagy maslahat beripdir.
"Dükan müdiri bu subsidirlenen önümleriň ýok bolmagyny isleýändigini, olary öýlere eltmekden bizar bolandygyny aýtdy" diýip, Azatlygyň habarçysy dükan müdiriniň sözlerine salgylanyp gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar söwda resmilerine şikaýat etjekdiklerini aýdypdyr, dükan müdiri bolsa, azygyň paýlanandygyny, şonuň üçin satyjylaryň däl-de, eşitmedik alyjylaryň günäkärdigini öňe sürüpdir.
Azatlyk Radiosy agzalan dükanyň işgärlerinden resmi maglumat alyp bilmedi. Şonuň üçin öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksada bilen dükanyň nomerini we konflikte gatnaşanlaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.
Subsidirlenen azyk önümlerini öýe eltip bermek usuly, premýer-ministriň orunbasary we prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň azyk nobatlaryny tankyt edip, olaryň "prezidentiň abraýyny bozýandygyny" aýtmagynyň yzýany ýola goýuldy.
Bu usul paýtagtyň köp ýaşaýjylary üçin bir gezeklik çäre boldy. Käbir ýaşaýjylar arz-şikaýatlar we talaplar bilen häkimiýetlere ýüz tutýarlar.
Habarçylarymyz käbirleriň azyk paýynyň iki hepdede bir gezek öýlerine eltilip berilmegini, beýlekileriň bolsa, telefon arkaly jaň edilip, azyk paýyny almagy gazanandygyny gürrüň berdi.
Subsidirlenen önümleriň sanawyna un, ösümlik ýagy, towuk butlary we şeker ýaly önümler girýär. Hususy dükanlarda aşa ýokary bahalar sebäpli türkmen raýatlarynyň gitdigiçe has köpüsi subsidirlenen azyk önümlerine garaşly bolýar.
Ýaşaýjylar, dükan satyjylarynyň bazar bahalaryndan azyk önümlerini, şol sanda miweleri we gawun-gazpyzlary satanda müşderileri ses edip, çagyrýandyklaryny belläp, nägile bolýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda gara bazarda dollar ýene gymmatlaýarSebitlerde ilata subsidirlenen önümleri satyn almak hasam kyn. Hususan-da, Maryda köpler çörek satyn alyp bilmeýärler. Ýaşaýjylar çöregiň getiriljek wagtyny bir-birinden anyklamaga çalyşýarlar we çörek getirilmezden esli wagt öň garaşyp durýarlar.
Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, käbirleri çöregiň haçan getiriljekdigini tanyşlarynyň üstünden anyklaýarlar we ýolda dükanyň golaýynda garawullap durýarlar. Muny görüp, olara beýlekiler hem goşulýarlar. Soňra çörek getirilende, her kim öz goňşusyna we tanyşyna jaň edýär. Şeýlelikde çörek 10-15 minudyň içinde satylyp gutarýar. Köplere çörek ýetmeýär.
Maryda döwlet dükanlaryna çörek günde bir gezek getirilýär.
Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetler subsidirlenen önümleri öýlere eltip bermek arkaly satmagy göz öňünde tutýarlar.
Azatlygyň ygtybarly çeşmesine görä, hususan-da Farap etrabynyň häkimiýetleri ilat üçin azyk paýlarynyň öýlere eltip berilmeginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar. Emma bu ýerde mesele ulaglaryň ýoklugy bilen kynlaşýar.
Lebap welaýatynda azyk paýyna un we ösümlik ýagy girýär.
Azyk krizisiniň dört ýyl dowam edendigine garamazdan, ýurduň ýolbaşçylary ýurduň gülläp ösýändigini we ilatyň bol-elin ýaşaýandygyny resmi taýdan yglan edip gelýärler. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň häkimiýetleri nobatlaryň döremeginiň öňüni almak we jemgyýetde nägileligi basyp ýatyrmak üçin işjeň çäre görýärler.
Degişli maglumat Gaz üçin bergili lebaplylaryň gazy we azyk paýy kesilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.