Ukraina oligarh Firtaşa we başga-da onlarça adama garşy sanksiýa girizdi

Ukrianaly oligarh Dmitro Firtaş

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-da korrupsiýa boýunça aýyplaw bildirilen täsirli oligarh Dmitro Firtaşa garşy sanksiýa girizdi.

Şeýle-de, Zelenskiýniň 24-nji iýunda gol çeken kararyna laýyklykda Russiýanyň goranyş pudagy bilen ‘ilteşikli’ onlarça iş adamyna we kärhana garşy sanksiýa girizildi.

Dünýäniň iň iri titan öndürijisi “VSMPO-AVISMA”korporasiýasyna, onuň Russiýada ýaşaýan direktory Sergeý Çemezowa we orunbasary Mihail Şelkowa garşy sanksiýa girizildi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşi geçen hepde Firtaşa garşy girizilen sanksiýalary yglan etdi we ony Russiýanyň harby edaralaryna titan satmakda aýyplady.

Firtaşa we onuň Group DF kompaniýasyna garşy girizilen sanksiýalar olaryň aktiwleriniň doňdurylmagyny, kapitalyň yzyna alynmagynyň gadagan edilmegini, ygtyýarnamalarynyň ýatyrylmagyny, serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň çäklendirilmegini we beýleki çäklendirmeleri öz içine alýar.

Bu oligrah häzirki wagtda Wenada ýaşaýar, şol bir wagtda özüniň ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine garşy göreşýär.

Şeýle-de, Zelenskiý gündogar Ukrainadaky rus goldawly separatistlere ‘ýardam eden’ onlarça rus bankyna garşy girizilen sanksiýalary ýene üç ýyl möhlet bilen uzaltdy.

Üç ýyl möhletli sanksiýalar başga-da birnäçe rus oligarhyna, şol sanda Arkadiý Rotenberge, rus energiýa läheňi “Gazpromyň” başlygy Alekseý Millere we oligarh Oleg Deripaska garşy yglan edildi.