Barlaglara görä, yslam dünýäsi Hytaýyň uýgurlara garşy alyp barýan global kampaniýasyna ‘işjeň gatnaşýar'

Hytaýyň günbatar Sinjiang sebitiniň Hotan bazarynda çagasyny göterip oturan uýgur zenany

1997-nji ýylda Pakistanyň hökümeti 14 uýgury deport etdi. Pekin olary aglaba ilaty musulmanlardan ybarat bolan Günbatar Hytaý welaýatyny, Sinjiangy ýurduň beýleki ýerlerinden bölüp aýyrmaga synanyşýan terrorçy bolmakda aýyplaýardy. Olar Pakistanyň Hytaý bilen serhetleşýän günorta çäginden geçen badyna, dessine jezalandyryldy.

Bu waka uýgurlaryň Hytaýyň haýyşy boýunça daşary ýurtlardan ekstradisiýa edilmegine ilkinji dokumentleşdirilen mysal boldy. Bu Hytaýyň transmilli repressiýasynyň ewolýusiýasynda öwrüm nokadydyr diýip, Uýgurlaryň transmilli repressiýa duçar edilmegi boýunça maglumatlar ýygyndysynda aýdylýar. Bu maglumat bazasy we hasabat 24-nji iýunda ýaýradyldy. Hasabat 1997-nji ýyldan 2021-nji ýylyň mart aýyna çenli aralykda 28 ýurtda deport ýa-da tussag edilen 1546 adamyň işini seljerýär.

Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça Oksus jemgyýetiniň Uýgur adam hukuklary taslamasy bilen bilelikde taýýarlan maglumat ýygyndysy Hytaýyň uýgurlara garşy alyp barýan kampaniýasynyň global häsiýetini, onuň Merkezi we Günorta Aziýadan Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Günorta-gündogar Aziýa uzaýşyny açyp görkezýär.

Hytaýyň halkara kampaniýasy boýunça iň doly maglumat hasaplanýan hasabat hökümetleriň, özi hem Ýakyn Gündogarda we Aziýada esasan musulman ilatly ýurtlaryň hökümetleriniň Sinjiangdan gaçan uýgurlary ýa-da beýleki musulman azlyklary yzarlamakda, tussag etmekde we ýurduna ibermekde nädip Pekin bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini açyp görkezýär.

Hytaýyň Sinjiang uýgur awtonom sebitiniň gadymy Kaşgar şäherinde polisiýa işgärleri patrullyk edýär

“Aglaba ilaty musulmanlardan bolan ýurtlaryň Sinjiang boýunça we uýgurlara zulum edilmegi babatynda dymmaklary tankyt edilýärdi” diýip, Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça Oksus jemgyýetiniň barlag müdiri we hasabatyň baş awtory Bredliý Jardin Azatlyk Radiosy bilen telefon interwýusynda aýtdy. “Ýöne bu maglumat bazasy yslam dünýäsiniň diňe bir ikiýüzli däldigini, eýsem olaryň Hytaý bilen aktiw hyzmatdaşlyk edýändigini hem görkezýär” diýip, ol aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça resmileri Hytaýyň giň gabaw ulgamynda bir million töweregi uýguryň, gazagyň, ýa-da beýleki musulman azlyklaryň saklanýandygyny çaklaýar. Öňki tussaglaryň ençemesi özleriniň fiziki jebir-sütem, hatda sterilizasiýa synanyşyklaryna sezewar bolandyklaryny öňe sürýärler.

ABŞ hökümeti we birnäçe günbatar mejlisi Hytaýyň Sinjiangdaky hereketlerini “genosid” atlandyrýar, ýöne aglaba köplügi musulman ilatly döwletleriň hökümetleriniň köpüsi bu meselede sessiz galýar. Olar Hytaýyň “Guşak we ýol başlangyjy” arkaly Pekin bilen barha ýakyn maliýe we syýasy gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýarlar.

Hasabata görä, uýgurlary nyşana almak we olary Hytaýa mejbury ugratmak tagallalary 2017-nji ýyldan soň has-da güýçlendi. Hytaýyň Sinjiangda köpçülikleýin tussaglyk programmasyna şol wagtlar başlandygyna ynanylýar.

“Bu tejribeler arkaly Hytaýyň hökümeti uýgur halkyna garşy gözegçiligi we repressiýany özygtyýarly serhetlere çenli giňeldýär” diýip, hasabat aýdýar.

Içerki kampaniýa global häsiýete eýe bolýar

Hytaýyň hökümeti Sinjiangda lagerleriň bardygyny ilkibaşda ret edýärdi, ýöne soňra barha güýçlenýän nägilelige garşy göreşmek üçin Pekin olary “hünär öwrediş merkezleri” atlandyrdy we yslam ekstremizmine garşy göreşmek üçin olaryň zerurdygyny aýdyp, diplomatik we jemgyýetçilik gatnaşyklary kampaniýalaryna girişdi.

Hasabata görä, Hytaý özüniň uýgurlary daşary ýurtlarda nyşana almagyny terrorçylyk aladalary bilen delillendirýär we munuň üçin içalyçylykdan başlap, kiberhüjüm, Interpoluň üsti bilen Gyzyl duýduryş çykarmak ýaly bir topar taktikalardan peýdalanýar.

Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň Urumçi şäherinde etniki uýgurlar we etniki hanlar bazarlaýar

Hytaý häkimiýetleri öňden bäri uýgur jemgyýetine şübheli çemeleşip gelen hem bolsalar we separatist uýgur toparlary dürli hüjümleri amala aşyran hem bolsalar, hasabata görä, Sinjiangyň paýtagtynda, Urumçide 2009-njy ýylda bolan etniki gozgalaňlar Pekin üçin öwrüm nokady boldy.

Gozgalaňlar 200 jan aldy, ölenleriň köpüsi etniki hanlardy. Şondan soňky geçen döwrüň dowamynda ekstremist uýgur toparlarynyň amala aşyran hüjümleri Sinjiangyň howpsuzlyk şertlerini has-da ýaramazlaşdyrdy.

Bu tolgunyşyklar Pekiniň ektremizme garşy göreş bahanasy bilen çalt ar almagyna getirdi. Wilson merkeziniň Hytaý we ABŞ meseleleri boýunça Kissinger institutynyň ylmy işgäri Jardiniň pikiriçe, bu ar alyş uýgurlaryň köpçülikleýin Hytaýdan gaçyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda bosgunlyk statusyny almaga synanyşmaklaryna getirdi.

“Bu Hytaýy meselä global çemeleşmäge iterdi, ol öňler bu meselä sebitleýin çemeleşýärdi, diňe goňşy Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Pakistana üns gönükdirýärdi” diýip, ol aýtdy.

Täze maglumatlar ýygyndysy Hytaýyň daşary ýurtlardaky uýgurlara garşy alyp barýan tagallalarynyň üç tapgyryna üns çekýär.

Birinji tapgyr esasan goňşy Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryndaky uýgur diasporalaryna gönükdirilýär. Bu ýurtlarda 1997-2007-nji ýyllar aralygynda 89 uýgur tussag edilip, Hytaýa iberilipdir. Ikinji tapgyrda, 2008-2013 ýyllar aralygynda 15 ýurtda 130 adam nyşana alynýar. Üçünji tapgyrda, 2014-nji ýyldan başlap, geçen mart aýyna çenli aralykda, daşary ýurtlardaky uýgurlara garşy kampaniýa möwjeýär, 20 ýurtda 1327 adam tussag edilip, Hytaýa ekstradisiýa edilýär.

Maglumat ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan ýurtlara üns çekýär. Hasabata görä, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikada 647, Günorta Aziýada 665 iş hasaba alyndy. Hasaba alnan 1151 ýagdaýda uýgurlar myhman ýurdunda tussag edildi, 395 işde olar Hytaýa deport ýa-da ekstradisiýa edildi.

“Bu sanlar derýada bir damjadyr” diýip, Jardin aýdýar. “Biz öňe çykan adamlar bilen çäklenýäris, ýöne biziň bilmeýän, habar berilmeýän bir topar ýagdaýlar bar” diýip, ol sözüne goşdy.

Musulman dünýäsi üns merkezinde

Ýaňy-ýakynda Pakistanyň premýer-ministri Imran Han 20-nji iýunda ABŞ-nyň “Axios” habar serişdesine beren interwýusynda hytaý hökümetiniň Sinjiangdaky hukuk kemsitmeleri diýilýänleri ykrar etmekden ýa-da ýazgarmakdan boýun towlanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde baş tema öwrüldi.

Yslamabat bilen Pekin berk gatnaşyk saklaýar, köpmilliardlyk Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesi Hytaýyň “Guşak-ýol başlangyjynyň” çäginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýöne maglumatlar ýygyndysy Pakistanyň onlarça ýyl bäri uýgurlar boýunça Hytaý bilen hyzmatdaşlyk edýändigine hem-de Pekiniň tutuş Ýewraziýa sebitinde barha ösdürýän ykdysady we maýa goýum tagallalaryna üns çekýär.

Daşary ýurt žurnalistleri Hytaýyň Sinjiang sebitinde bir binanyň daşyny surata alýar. Bu ýer 2020-nji ýylyň başlarynda 'täzeden terbiýeleýiş' desgasy hökmünde anyklandy, ýöne häzir hytaý hökümeti onuň weteranlar bilen gatnaşyklar býurosydygyny we ol ýerde hökümetiň başga edara-jaýlarynyň ýerleşýändigini aýdýar

“Uýgurlaryň hereketlerine gözegçilik etmek boýunça resmi ylalaşyk dogrusynda hiç hili subutnama ýok, ýöne 90-njy ýyllaryň aýagynda Pakistanyň eden hereketleri şeýle ylalaşygyň resmi ýa-da başga görnüşde gazanylandygyna yşarat edýär” diýip, hasabat aýdýar.

Şonuň ýaly-da, uýgur toparlarynyň adwokatlary Täjigistanyň hökümetiniň uýgurlary Hytaýa ibermekde Pekin bilen hyzmatdaşlyk edýändigini görkezýän täze subutnamalary Halkara jenaýat kazyýetiniň Prokuratura edarasyna hödürledi.

Şeýle-de, arzada täjik häkimiýetleri uýgurlaryň Türkiýeden Hytaýa adatdan daşary iberilmegine ýardam bermekde aýyplanýar.

Türkiýe uýgur jemgyýeti üçin möhüm ýurt bolmagynda galýar. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan köpýyllyklaryň dowamynda uýgurlary öz ýurdunda hoşniýetli garşylaýar. 82 million ilatly ýurtda 40 müň töweregi uýguryň ýaşaýandygy çak edilýär.

Erdogan Hytaýň Sinjiangdaky berk daraşmalaryny tankyt edip gelýärdi, ýöne ol soňky wagtlarda äheňini ýumşadýar, Ankara ykdysady jähtden Hytaýa has-da ýakynlaşýar.

2020-nji ýylyň dekabr aýynda Pekin iki ýurduň arasynda gol çekilen ekstradisiýa ylalaşygyny ratifikasiýa etdi. Ýöne türk mejlisi heniz bu ylalaşygy tassyklamady, eger şeýle karar kabul edilse, gorky astynda galýan uýgurlar, özleriniň ençemesiniň Pekiniň haýyşy esasynda Hytaýa ugradylyşyna şaýat bolup biler.

“Türkiýe öňler howpsuz gaçybatalga hökmünde tanalýardy, ýöne indi däl” diýip, Jardin aýdýar.

“Günbatar indi bosgunlaryň kwotalaryny giňeltmäge hem-de Türkiýedäki we Hytaýyň transmilli repressiýasyndan habarly beýleki ýurtlardaky uýgur ýüztutmalaryny ýeňilleşdirmäge seredip başlamaly”

Degişli maglumat «Hyýala garşy dowzah». Amnesty Sinjiangdaky syýasaty adamzada garşy jenaýat atlandyrdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.