Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar, azyk kartoçkalary we subsidirlenen bahalar puja çykýar

Hususy dükan. Aşgabat, iýul, 2020 (illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda subsidirlenen önümleriň satuwy iki aý bäri ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip amala aşyrylýar, döwlet dükanlary bolsa, alyjylaryň nobata durmagynyň öňüni almak üçin, kesgitlenen bahadan azygy satmaýar. Şeýlelikde, bazar bahalarynyň yzygiderli galýan wagtynda ilat köpçüligine hökümetiň arzan bahadan wada beren azygyny satyn almagy umyt edip, garaşmak galýar.

23-nji iýunda Aşgabadyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary subsidirlenen bahalarda indiki azyk paýyny aldylar. Bir maşgala üçin niýetlenen azyk önümleriň paýynyň bahasy 60 manata satylypdyr. Bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursuna göre, 17.1 dollara barabar.

Habarçylaryň sözlerine görä, azygy getiren işgärler ýaşaýjylara iýul aýyndan başlap iýmit paýlanyşynyň her on günden bir gezek boljakdygyny duýdurypdyr. Mundan öň azygy ýaşaýjylaryň öýlerine eltip bermek boýunça maý aýynyň başynda girizilen düzgünler paýogyň hepdede bir gezek berilmegini göz öňünde tutýardy.

Şeýle-de bolsa, iş ýüzünde, şondan bäri aşgabatlylaryň kimdir birine azyk paýy iki aýda iki-üç gezek getirilen bolsa, beýlekilere diňe bir gezek getirilipdir. Emma bir gezegem azyk paýyny alyp bilmedik maşgalalar hem bar. Bular esasan şäheriň etegindäki kiçi etraplaryň ýaşaýjylary.

Degişli maglumat Dollaryň gara bazar nyrhy arzanlaýar, emma harytlar arzanlamaýar

"Görnüşinden, häkimiýetler ilat üçin hepdede bir gezek iýmit paýlamak baradaky ozalky meýilnamasyndan el çekip, muny köp gören bolmagyna meňzeýär. Şonuň üçin indi ony aýda üç gezege çenli azaltmak kararyna gelen bolmaly" - diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabat ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Azyk önümlerini öýlere eltmek tejribesi maý aýynyň başynda, prezidentiň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň "prezidentiň abraýyny bozýan" nobatlary tankyt edenden soň başlandy.

Paýtagtyň köp ýaşaýjylary bu usulda azyk paýyny diňe bir gezek alyp bildiler. Emma käbir ýaşaýjylar özlerine döwlet tarapyndan wada berlen azygy almak hukugyndan ýüz öwürmeýärler we arz-şikaýatlar bilen häkimiýetlere ýüz tutýarlar. Habarçymyz käbirleriniň şeýle tagallalary bilen azyk paýyny iki hepdede bir gezek öýlerine eltdirmegi başarýandygyny, beýlekileriň telefon arkaly jaň edilip azygy alyp gitmäge çagyrylýandygyny habar berdi.

Bu döwürde şol bir önümleriň bazar bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Hususan-da, 23-nji iýunda Aşgabatda ösümlik ýagynyň ortaça bahasy 1 litr üçin 52 manada, şekeriň bir kilogramy 25 manada, towuk budlarynyň bir kilogramy 46-55 manatda ýetdi.

Emma subsidirlenen bahadan azyk önümleriniň ýaşaýjylaryň öýlerine eltip berilmegi diňe paýtagta degişlidir. Türkmenistanyň welaýatlarynda, aýratynam oba ýerlerinde azyk üpjünçiligi has ýaramaz.

Geçen aýda Marynyň ýaşaýjylary ýanwar aýynyň un paýyny satyn alyp bildiler. Mary welaýatynyň merkezindäki käbir döwlet dükanlarynda diňe un satyldy, subsidirlenen önümleriň sanawyna girýän beýleki azyk önümleri, ýagny ösümlik ýagy, şeker we towuk budlary satylmady. Oba ilaty çörek bişirmek üçin möhleti geçen makaron önümlerini, pes hilli tüwini, mekgejöweni we kepegi üwemek ýaly dürli usullary tapmaga mejbur bolýar.

Degişli maglumat MHM bugdaý garawullap, 'peýdaly iş' edýär, polisiýa samançylardan para alýar

Azatlygyň çeşmeleri ozal hökümetiň ilata subsidirlenen bahalardan azyk önümlerini satmak düzgünini doly ýatyrmak planlara seredýändigi barada habar beripdi.

Bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy, girdejileriň azalmagy we ilatyň maddy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy köp maşgalany bazar bahalaryndan has arzan subsidirlenen önümlere garaşly edýär we käbir maşgalalar üçin gün görmegiň ýeke-täk mümkinçiligi bolýar. Ilata belli bir mukdarda azyk önümlerini döwlet tarapyndan kadalaşdyrylan bahalardan satmak tejribesi 1990-njy ýyllaryň ahyrynda ýurtda girizilipdi. Subsidirlenen önümleriň söwdasy döwlet dükanlarynyň üstünden alnyp barylýar.

Azyk krizisi agyrlaşyp, 2018-nji ýylyň ahyryna ýurtda çörek ýetmezçiligi döräli bäri, häkimiýetler subsidirlenen önümleriň satylmagyna birnäçe gezek çäklendirmeleri girizdi. Birnäçe ýyl bäri hökümet adam başyna her aýda 5 kilogramdan köp bolmadyk un paýyny hem doly üpjün edip bilmän gelýär. Mundan başga-da, türkmen döwleti subsidirlenen önümleriň bahasyny fewral aýynda ýokarlandy.

Soňky aýlarda ýagdaý ep-esli ýaramazlaşdy. Aýlyk paýy diýlip atlandyrylýan azygyň mukdary ýene azaldyldy we ilat üçin olary satyn almagyň mümkinçilikleri ýene azaldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.