29-njy iýunda Berdimuhamedow 64 ýaşaýar.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler Balkan welaýatynyň etraplarynda jemagat gullugynyň işgärleri adatdan daşary arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine çekilýär; Türkmenbaşy şäherinde prezidentiň geçjek ýolunyň ugrunda, şeýle-de Awazanyň ähli künjeklerinde, baglarda we binalarda arassaçylyk we abatlaýyş işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanda baýramçylyk seneleriniň öňüsyrasynda ýa-da prezidentiň saparynyň öňýany welaýatlarda we paýtagtda adatdan daşary arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirilýär, wagtal-wagtal býujet işgärleri bu işlere mejbury çekilýär.
Şeýle-de, çeşmäniň sözlerine görä, Awazada gurulýan täze kottežler toplumynyň gurluşyk işleri şu günler tamamlaýjy tapgyra ýetdi. Galyberse-de, bu toplumyň prezidentiň Awaza etjek saparynyň dowamynda açylmagyna garaşylýar.
Degişli maglumat Bir tarapda kaşaň myhmanhanalar, beýleki tarapda batgaly ýollar, köne hassahanalarÝöne çeşme toplumyň prezidentiň saparyna ýetişmeginiň gümanadygyny aýdýar.
“Eger ýetişse, topluma Arkadag adyny dakmak meýilleşdirilýär” diýip, çeşme aýtdy.
Bu kottežler toplumy “Tolkun” ýahta-klubunyň golaýynda, Awazanyň günbatar böleginde gurulýar.
Media maglumatlaryna görä, “Tolkun” ýahta-kluby 2016-njy ýylyň awgustynda açylyp ulanylmaga berildi. Şonda “Ak ýelken” atly başga bir kottežler toplumynyň açylyş dabarasy hem geçirildi.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH), 2018-nji ýylyň iýunynda bu kurort şäherinde, deňziň kenarynda 1080 orunlyk 63 sany täze kottež toplumyny gurmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ýöne açylmagy göz öňünde tutulýan toplumyň üç ýyl mundan ozal planlaşdyrylan kottež toplumydygy ýa-da däldigi belli däl. Resmi habarlara görä, toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän kärhanalaryň paýlary esasynda gurulýar.
Şu günler Awazada dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmenistanda her ýyl býujet işgärlerini mejbury ýollanma esasynda mejbury dynç alyşa ugratmak däp boldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, býujet işgärleriniň ençemesi Türkmenbaşydaky wokzalyň golaýynda ýerleşýän köne “Hazar” myhmanhanasyna ýerleşdirilipdir.
Habarçy “Hazarda” galýan býujet işgärleriniň Türkmenbaşy şäherine arassaçylyk işleri üçin iberilendigini habar berýär.
Şäheriň Azatlyk köçesiniň ugrunda, wokzalyň golaýynda ýerleşýän köne “Hazar” myhmanhanasy garaşsyzlykdan öň, sowetler döwründe guruldy, ýöne 2015-nji ýylda Awazada “Hazar” atly başga bir adybir bäş ýyldyzly otel gurlup ulanylmaga berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, 2007-nji ýylda Türkmenbaşy şäherinde, Hazar deňziniň kenarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada karar kabul etdi. Geçen döwrüň dowamynda bu taslama üçin millardlarça dollar sarp edildi. Ýöne synçylar gurulýan myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.
2013-nji ýylda Türkmenbaşyda täze Awaza we Kenar etraplary peýda boldy.
Ýapyk Türkmenistan ýurda az daşary ýurt syýahatçysyny çekmekde tanalýar. Içerki syýahatçylyk, synçylara görä, halkyň barha ýaramazlaşýan ykdysady kynçylyklary sebäpli, gowuşgynsyzlygynda galýar.
Degişli maglumat Awazanyň azaby: çäkli transport gatnawlary sebäpli dynç alyşa ýollanma alanlaryň ýollanmalary köýýärTürkmenbaşyda açylmagy göz öňünde tutulýan kottež toplumyndan başga Daşary işler ministrliginiň “Ýüpek ýol” kottež toplumy, şeýle-de “Aşgabat”, “Galkynyş”, “Ak ýelken”, “Şapak” “Şowhun” ýaly kottežler toplumlary bar.
Aşgabatda “Arkadag” myhmanhanasy guruldy. Eger Awazada gurulýan kottež toplumyna prezidentiň “Arkadag” lakamy dakylsa onda prezidentiň döwlet mediasynda gije-gündiz wagyz edilýän “Arkadag” lakamy öz meşhurlygyny berkidýär.
Döwlet mediasy öz gepleşiklerinde köplenç prezidentiň adyny “Arkadag” diýip tutýar. 2016-njy ýylda Aşgabatda çap edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” “Arkadag” sözüne “Arka dagy, her bir ýagdaýda goldaw berip durýan ýakyn hossar, arkadaýanç, daýanç” diýip, düşündiriş berýär. Ýöne ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan we syýasy basyşlardan gaçyp, daşary ýurtlarda çylşyrymly şertlerde zähmet çekýän türkmenistanly migrantlaryň ençemesi prezident Berdimuhamedowy we türkmen hökümetini özlerine arka çykmazlykda, goldaw bermezlikde aýyplaýar.
Döwlet telewideniýesinde görkezilişine görä, 14-nji iýunda Berdimuhamedow bilen wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeş bolan bir kombaýnçy 4,5 minutlyk gürrüňdeşligiň dowamynda prezidente 20 gezek “Arkadag” diýip ýüzlendirildi. Onuň gaýta-gaýta gaýtalan “Arkadag” sözüniň üçünji bognuny, “dag” sözüni basyp, gygyryp aýtmagy üns çekdi.
Berdimuhamedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow özüne Türkmenbaşy lakamyny saýlap alypdy.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar prezident Berdimuhamedowy dürli pikirliligi basyp ýatyrmakda we awtokrat Nyýazowdan soň ýurtda az reforma amala aşyrmakda, şeýle-de özüniň we maşgala agzalarynyň şahsyýet kultuny şöhratlandyrmakda tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.