Aşgabat daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat şäheri

Aşgabat

Aşgabat daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat şäheri hökmünde hasaba alyndy.

Mercer kompaniýasynyň 22-nji iýunda çap eden “Cost of Living Survey” atly hasabatynda, Aşgabat bir ýylyň dowamynda Hong Kongdan hem öňe saýlanyp, 209 şäheriň arasynda dünýädäki iň gymmat şäher hökmünde agzalýar.

Maglumat üçin aýdylsa, kompaniýanyň ondan öňki ýyldaky sanawynda türkmen paýtagty ikinji, 2019-njy ýylda ýedinji, 2018-nji ýylda 43-nji we 2017-nji ýylda 57-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasynyň bu hasabaty dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerine esaslanýar.

Degişli maglumat Bir tarapda kaşaň myhmanhanalar, beýleki tarapda batgaly ýollar, köne hassahanalar

Bu hasabat her bir şäherdäki 200-den gowrak harydyň we hyzmatyň, şol sanda jaý kireýleriniň, transport serişdeleriniň, azyk harytlarynyň, geýim-gejimleriň, öý goşlarynyň, göwnüňi açmak we güýmenje üçin niýetlenen hyzmatlaryň hem-de şuňa meňzeşleriň nyrhlarynyň deňeşdirilmeginde taýýarlanyldy.

Aşgabadyň Mercer kompaniýasynyň soňky hasabatynda birinji orunda ýerleşdirilmegi, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän maliýe we azyk krizisiniň has hem ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Mercer kompaniýasynyň wekili Jean-Philippe Sarranyň AFP gullugyna aýtmagyna görä, Aşgabadyň soňky sanawda birinji orunda ýerleşdirilmegi “ýerli inflýasiýanyň ýokarlanmagy” bilen bagly.

Galyberse-de, Aşgabat daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen mundan owalky beýleki barlaglaryň netijelerinde hem dünýäniň iň gymmat şäherleriniň arasynda agzalypdy.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.