R. Denber: Ogulsaparyň tussaglygy, onuň ölüm şertleri Türkmenistandaky sistemalaýyn problemanyň häsiýetnamasydyr

Demirgazyk-günbatar Fransiýada žurnalistleriň hatyrasyna dikilen ýadygärlikde 15 ýyl ozal türkmen türmesinde gümürtik şertlerde aradan çykan Ogulsapar Myradowanyň hem ady bar.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň türkmen hospwuzlyk güýçleri tarapyndan Aşgabatda tussag edilmegine we iki aý töweregi wagt soň türmede gümürtik şertlerde aradan çykmagyna 15 ýyl bolýar. Azatlyk Radiosy žurnalistiň gümürik ölüminiň töweregindäki soraglar boýunça ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: 15 ýyl mundan ozal, biziň kärdeşimiz, žurnalist we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ogulsapar Myradowa Türkmenistanda tussag edildi. Birnäçe aý soň, onuň jesedi aç-açan görnüp duran gynamalaryň yzlary bilen maşgalasyna berildi. Siz bu günki gün Ogulsapar we onuň ölüm şertleri barada näme pikir edýärsiňiz?

Reýçel Denber: Birinjilik bilen, meniň pikirimçe, bu tussaglykdaky ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistiň ölümi boýunça döwlet jogapkärçiligine gödek mysaldyr. Onsoňam, ikinjilik bilen, munuň boýun alynmazlygy, hiç hili hasap berilmezligi, bolup geçen zatlar boýunça nähilidir bir ygtybarly derňew işleriniň alnyp barylmazlygy, munuň özi jenaýat jogapkärçiliginiň gödek ýoklugydyr. Üçünjilik bilen, meniň pikir edýän zadym – Türkmenistanda ýagdaýlaryň gör nähili az özgerendigidir. Geçen 15 ýylda Ogulsaparyň tussaglygy, onuň tussag ediliş usuly, onuň ölüm şertleri Türkmenistandaky sistemalaýyn problemanyň häsiýetnamasydyr. Men bu gün aýylganç ýitgi barada pikir edýärin. Ol boş ýere pida boldy. Ýöne men geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda nähilidir bir hakyky özgerişiň bolmandygy barada, munuň gör nähili tragediýadygy barada pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Hawa, Reýçel siz mamla. Türkmenistanda hiç zat özgermedi. Belki-de, ýagdaýlar has-da ýaramazlaşdy, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýaşyryn işlemeli bolýar, biziň ähli žurnalistlerimiz we beýleki garaşsyz media serişdeleriniň habarçylary ýurt içinde ýaşyryn işlemeli bolýarlar, olar barha ýaramazlaşýan howpsuzlyk sebäpli, teýden ýaşyryn işlemeli bolýarlar.

Degişli maglumat Ogulsapar Myradowanyň tussag edilenine 15 ýyl boldy. Žurnalistiň ölümi baradaky soraglar gün tertibinden aýrylmaýar

Reýçel Denber: Dogry. Türkmen repressiýasynyň şol tarapy, gürrüňsiz, üýtgemedi. Onsoňam, Azatlyk Radiosy üiçn işleýän adamlar, ýa-da beýleki garaşsyz neşirler üçin işleýän adamlar, özlerini, öz howpsuzlygyny, öz dogan-garyndaşlarynyň howpsuzlygyny howp astyna goýýarlar. Haçan-da hökümet, habar berilmegini bes etdirmek üçin, olaryň dogan-garyndaşlaryna ýa-da ýurduň daşyndaky dogan-garyndaşlaryna basyş edeninde maşgalalar ejir çekýär.

Azatlyk Radiosy: Üç ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Ogulsaparyň bikanun tussag edilmeginden we ölüminden türkmen hökümetiniň jogapkärdigini ykrar etdi. Şonda adalat ýerine gowuşar, jogapkär adamlar jogapkärçilige çekiler diýen umyt döredi, ýöne hiç zat özgermedi. Haçan-da şular ýaly zatlar Russiýa ýaly ýurtlarda bolsa, meselem Magnitskiý işi muňa mysaldyr, ýa-da başga ýurtlarda bolsa, halkara jemgyýetçiligi we daşary ýurt hökümetleri örän aýgytly hereket edýär, ýöne näme sebäpden Türkmenistan ýaly ýurtlara şeýle çäre görülmeýär?

Reýçel Denber: Bu dogurdan-da örän gowy sorag. Meniň pikirimçe, köpugurly guramalaryň we hökümetleriň Türkmenistan ýaly adam hukuklarynyň gözgyny ýurtlaryna-da deň derejede üns bermegi möhümdir. Meselem, Belarusa örän köp üns berilýär, örän köp halkara çäre görülýär, bu öz-özünden düşnükli, ýöne beýleki tarapda, ynha Türkmenistan bar, onuň örän repressiw hökümeti bar. Käşgä mende siziň soragyňyza jogap bolsady, ýöne meniň özümem bu barada bilesim gelýär, näme üçin gödek kemsitmelere gözykgynç derejede baş goşýan hökümete garşy has berk çäre görülmeýär? Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden yzygiderli peýdalanmagy barada käbir çäreler görüldi. Bu halkara derejesinde belli bir derejede ykrar edildi, ýöne zorlukly ýitirim etmeler, gynamalar ýaly gödek kemsitmeler babatynda hökümeti halkara derejesinde jogapkärçilige çekýän hiç zat ýok.

Azatlyk Radiosy: Belki-de, Ogulsaparyň üç çagasyna aýtmak isleýän zatlaryňyz bardyr!

Reýçel Denber: Men olaryň diýseň batyrgaýdyklaryny özlerine aýtmak isleýärin. Men olara ejeleriniň ýatdan çykarylmaýandygyny, olaryň unudylmaýandygyny, Ogulsapar Myradowanyň ölüminden jogapkär adamlaryň, bolan zatlardan jogapkär adamlaryň, jogapkärçilige çekiljekdigini aýdasym gelýär.

Degişli maglumat Türkmenistan: žurnalistiň 15 ýyl bäri syr galýan ölümi we erkin metbugatyň ‘keç ykbaly’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.