18-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ogulsapar Myradowanyň Aşgabatda türkmen howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilmegine göni 15 ýyl dolýar.
15 ýyl mundan ozal, 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda, ýekşenbe güni Myradowa saklanýar.
Galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda iki sagat dowam eden sud diňlenişiginden soň alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilen O.Myradowa bir aý çemesi soň, gümürtik ýagdaýda tussaglykda aradan çykdy.
Žurnalistiň gümürtik ýagdaýda türmede aradan çykmagy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan derhal yzly-yzyna ýazgaryldy. BBC we Washington Post ýaly abraýly halkara habar beriş serişdeleri aktiwist žurnalistiň gümürtik ölümi barada dünýä jemgyýetçiligine habar berdi.
Şol döwürler Türkmenistany ýurduň ilkinji awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazow dolandyrýardy. Nyýazow hem ýurtda söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde berk tankyt edildi.
Washington Post neşiriniň 2006-njy ýylyň, 16-njy dekabr sany žurnalistiň türkmen türmesindäki aýylganç ölüminden habar berdi.
Nyýazow 2006-njy ýylyň, 21-nji dekabr güni tarpa-taýyn aradan çykdy, ýöne Ogulsapar Myradowanyň türmede duçar bolan keç ykbaly we onuň gümürtik ölümi ne Nyýazow, ne-de Berdimuhamedow hökümeti tarapyndan jikme-jik derňeldi.
2018-nji ýylyň awgustynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky komiteti Ogulsapar Myradowanyň adalatsyz sud edilmeginden soň, türmede gynalmagyna we heläk bolmagyna bu ýurtdaky hökümetiň jogapkärdigi barada höküm çykardy.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmenistanly aktiwist žurnalistiň gümürtik ölüminiň töwereginde dowam edýän soraglara we erkin sözüň Türkmenistandaky keç ykbalyna gönükdirilýär.
Gepleşigimize Pragadan žurnalist Ýowşan Annagurban gatnaşýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar