Türkmen uçurymlary mekdepden göni goşuna alynýar

Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň mekdeplerinde 18 ýaşyny dolduran uçurymlar, sözüň hakyky manysynda mekdepden göni goşun gullugyna alnyp gidildi. Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, 15-nji iýunda paýtagtyň mekdeplerinde jemleýji synaglar geçirilipdir, uçurymlara ekzameni tabşyrmaga rugsat berlip, soň olar dessine harby we polisiýa işgärleri tarapyndan harby bölümlere äkidilipdir.

Polisiýa işgärleri we harby komissariatyň wekili irden paýtagtyň 15-nji mekdebine barypdyr. Goşun gullugyna çagyryşy alan 18 ýaşly uçurymlar ilkinji bolup ekzamen tabşyrmak üçin klasa goýberilipdir we synagdan soň dessine gulluga çekilýän harby bölüme alnyp gidilipdir.

"Bu gün 15-nji mekdepde uçurymlar üçin iň soňky synag boldy.
Synag irden 8:30 başlandy. Sagat 10-a çenli dört polisiýa işgäri we harby bellige alyş gullugynyň bir işgäri mekdebe geldi, olaryň hemmesi raýat eşiklidi, bu harby gulluga äkidiljek uçurymlary öňünden gorkuzmazlyk üçin edildi" diýip, ýagdaýa şaýat bolanlaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şol gün şuňa meňzeş ýagdaýlar Aşgabadyň beýleki mekdeplerinde-de bolupdyr. 15-nji iýunda tutuş ýurt boýunça jemleýji synaglar geçirildi.

Degişli maglumat Maryda harby gullukdan gelen bir esgeriň müň esgerlik kyssasy

Şol bir wagtyň özünde, synagdan soň mekdebi terk etmegi başaran uçurymlar hem bolupdyr, harbylar we polisiýa olaryň öýlerine byrypdyr. Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, harby gullukçylar ene-atalardan çagalaryny harby gulluga ýygnanýan ýerine getirmegini talap edipdirler we gelmediklere agyr jeza beriljekdigini duýdurypdyr. Nähili jeza beriljekdigi kesgitlenmändir.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, ekzamen güni 15-nji iýunda 18 ýaşy dolan mekdep okuwçylaryny alyp gitdiler. 18 ýaşy şu aýyň soňky günlerinde dolýan ýaşlar doglan gününden soň gulluga alnarlar.

Türkmenistanda dowam edýän goşuna çagyryş möwsümi öňki ýyllardan köp tapawutlanmaýar. Uçurymlary göni mekdeplerden goşun gullugyna almak praktikasy soňky birnäçe ýyl dowam edýär. Öňki ýyllarda 18 ýaşyna ýeten ýaşlar daşary ýurdan gelen badyna aeroportda goşuna çagyrylypdy.

Bu döwürde welaýatlarda-da orta mekdep okuwçylarynyň guramaçylykly goşuna alynmagy dowam edýär. Gündogar Lebap welaýatynda uçurymlar 16-njy iýunda ekzamen gününiň ertesi goşuna köpçülikleýin alynýar.

Ýerli habarçylaryň sözlerine görä, şeýlelikde sebitdäki mekdepleri gutaranlar orta bilim şahadatnamalaryny almak mümkinçiliginden mahrum boldular. Geçen ýyllaryň tejribesine görä, harby gulluga çagyrylanlaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalary ene-atalaryna gowşurylýar. Şahadatnamalaryň gowşurylyşy 21-nji iýunda bolar.

Habarçylar ýerli harby bölümleriň işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, şu ýyl harby gulluga çagyrylanlaryň aglaba köpüsi mekdep uçurymlarydyr.

Degişli maglumat Türkmen ýaşlary goşuna ekzamen güni alynýar

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistandaky orta mekdebi her ýyl 100 000 golaý adam gutarýar. Ýurduň häkimiýetleri harby gulluga ýazky çagyryş möwsüminiň gidişi barada resmi habar bermeýärler.

Bu aralykda, ene-atalaryň arasynda harby gulluk wagtynda ogullarynyň ykbaly we saglygy barada aladalar artýar. Harby gulluk üçin kadaly şertleriň bolmazlygy, azyk ýetmezçiligi, zerur lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, janyna we saglygyna döreýän howplar we kemsitmeler köpleri öz çagalaryny harby gullukdan gaçyrmak ýa-da gulluk ýerlerinde ýolbaşçylara para bermek üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Goşuna alynýanlaryň ene-atalarynyň gürrüň bermegine görä, goşundan yza çekilmegiň usullarynyň biri uniwersitetlere girmek üçin goşun gullugyny yza çekmekdir. Munuň üçin ýarym ýyllyk resminamanyň bahasy 20000 manat ýa-da Merkezi bankyň nyrhy boýunça 5 714 dollara barabar. Has meşhur we howpsuz hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmek üçin paranyň bahasy hem köpelipdir.

Azyk üpjünçiliginiň gowşaklygy, agyr ýaşaýyş şertleri, sütem we türkmen goşunynda jana- saglyga howp abanmagy ýaly ýagdaýlardan başga-da, köp ene-atalar çagalaryny Owganystan we Eýran bilen serhet ýakasyndaky goşun bölümlerine ibermekden gorkýarlar. Geçmişde türkmen-owgan serhedinde atyşyklar we harbylaryň ölümi barada yzygiderli habar berlipdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, köp ene-atalar çagalaryny kenarýaka sebitinde ýa-da paýtagt Aşgabatda ýerleşýän harby bölümlere ibermegi makul bilýärler we has howpsuz diýip hasaplaýan harby bölümlere ibermek üçin elinde bar mümkinçilikleri ulanýarlar. Özbegistan we Gazagystan bilen serhetleşýän garnizonlar hem birneme howpsuz hasaplanýar.

Hususan-da, paýtagtda ýa-da Türkmenbaşyda ýerleşýän harby bölümlerde harby gulluk etmek üçin para 10 000 manat ýa-da resmi kursdan 2 857 dollar, 1001-nji bölüme ýerleşdirmek üçin para 30-50 manat ýa-da 8 571-14 285 dollar aralygynda bolýar.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gulluk wagtynda ýaşlaryň urlup ýenjilmegi, dürli zorluklara we kemsitmelere sezewar bolmagy, ýaşlaryň ölümi we ýaralanmagy ýaly wakalar barada yzygiderli habar berýärler. Türkmen hökümeti şeýle habarlary resmi taýdan kommentirlemeýär, goşundaky problemalary düýpden agzamaýar.

Degişli maglumat Lebapda ýarawsyz ýaşlar harby gulluga ‘alnyp gidilýär’

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.