Serbiýanyň we Kosowanyň ýolbaşçylary gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen 15-nji iýunda Brusselde ÝB-niň araçylygyndaky gepleşiklerini täzeden başlaýarlar.
Iki Balkan goňşusy 1998-1999-njy ýyllardaky Kosowo söweşlerden 20 ýyldan gowrak wagt bäri gatnaşyklary dartgynly saklaýan jedelleri çözmäge gönükdirilen on ýyl dowam edýän gepleşikleriniň çäginde soňky gezek geçen ýyl duşuşypdy.
15-nji iýunda geçiriljek gepleşikler , Kosowanyň premýer-ministri çepçi reformaçy Albin Kurtiniň fewral aýynda parlament saýlawlarynda Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen gepleşiklerde täze ädim ätjekdigini wada berip, möhüm ýeňiş gazanmagyndan soň ilkinji duşuşyk bolar.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josef Borrell 15-nji iýunda ikitaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda "Bu gepleşik aňsat bolmaz. Emma bu proses we iki tarapyň hem yhlasly gatnaşygy Kosowanyň we Serbiýanyň halkynyň bähbidi üçin zerurdyr" -diýip, Brýusseldäki duşuşyklaryň öňüsyrasynda aýtdy.
"Günbatar Balkan ýurtlaryndaky diskussiýalar barada Ýewropada täze bir pursat döredi we tutuş sebit üçin bu pursatdan peýdalanmak möhümdir" - diýip, Borrell belledi.
Kosowa albaniýaly separatistler bilen Ýugoslawiýanyň güýçleriniň arasyndaky söweşden on ýyla golaý wagt geçensoň, 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan etdi.
Uruş Belgradyň goşunlaryny kowup çykaran 78 günlük NATO howa kampaniýasyndan soň tamamlandy. Kosowanyň garaşsyzlygy ABŞ we 100-den gowrak ýurt, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň köp agzasy tarapyndan ykrar edildi.
Emma Serbiýa henizem bu territoriýany günorta welaýaty hasaplaýar we Russiýa hem Hytaý tarapyndan goldanýar.