Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar

Gara bazarda dollar söwdasy bilen meşgullanýan aýal-gyzlar. Türkmenistan

Türkmenabatda walýutanyň gara bazarynda dollar 33 manat 80 teňňeden satyn alynýar. Ýöne azyk harytlarynyň bahalary gymmatlygynda galýar. Bir kilogram etiň bahasy 65 manat, bäş litr ösümlik ýag 250 manat. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Iýunyň başlarynda Lebabyň sebit merkezinde dollar gara bazarda 35,60-36,60 manat aralygynda satyn alyndy. Soňky bahalar bilen dollar iki hepdäniň dowamynda 2 manat töweregi arzanlady, manat dollar garşysynda 5-7 % aralygynda hümmetlendi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Galyberse-de, Merkezi bank ýurduň walýuta ätiýaç gorlary barada ilata maglumat bermeýär.

Dollaryň gara bazar bahasynyň sähel pese gaçmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpler belli däl.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, esasy azyk önümleriniň gymmat bahalary saklanýan mahaly, hususy söwdada şekeriň bir kilogramy 25 manatdan 21 manada çenli arzanlady.

Şol bir wagtyň özünde, ilatyň satyn alyjylyk ukyby pesliginde galýar. “Ortaça aýlyk 1250 manat. Azyk harytlary gymmada düşýär. Bazardaky azyk önümleriniň häzirki bahalaryna görä, ortaça aýlyk hakyny 3,000 manat etseň-de az” diýip, bir türkmenabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen hökümeti Hytaýdan alan karzlaryny üzendigini aýdýar

Bazarlarda konditer önümleri hem gymmatlygynda galýar.

“Adaty süýjiniň bir kilogramy 70 manat. Ortadan ýokary hildäki süýjileriň bir kilogramy 90-100 manat aralygynda” diýip, türkmenabatly bir alyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýurtda soňky ýyllarda ýitileşen ykdysady çökgünligiň arasynda gara bazarda dollaryň manada bolan gatnaşygy geçen noýabrda birden has-da ýokarlanyp başlady. Noýabryň ortalarynda dollaryň gara bazar bahasy ilki 23 manat töwereklerindedi. Ýöne soňra birden dekabryň aýagyna çenli ilki 25, 27 soňra 29 manada çenli ýokarlandy. Dollar martda 32 manada çykdy, apreliň başlarynda 40 manatdan geçdi.

Soňky bahalar bilen gara bazarda dollar manat garşysynda martyň başlaryndaky hümmetine çenli peselýär.

Häkimiýetler ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligiň takyk gerimini aç-açan boýun almaýar. Manadyň dollar garşysynda sähel hümmetlenmegi türkmen hökümetiniň gaz geçiriji üçin Hytaýa bolan karzyny doly üzlüşendigini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

11-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda türkmen hökümeti “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin alan daşary ýurt karzlaryny doly gaýtarandygyny yglan etdi.

Ýurduň ykdysady görkezijileri boýunça türkmen hökümetiniň hödürleýän resmi sanlary halkara maliýe guramalarynyň hasabatlaryna çapraz gelýär. Ýatlasak, Halkara walýuta fondy 2020-nji ýylda Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 0,8 göterime deň bolandygyny yglan etdi. Türkmen hökümeti bolsa bu görkezijiniň 5,9 göterime barabar bolandygyny öňe sürdi. Munuň yz ýany, Bütindünýä banky ýaňy-ýakynda, iýunyň başlarynda ýaýradan “Global ykdysady perspektiwalar” atly täze hasabatynda esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistanyň hasabata girizilmeýändigini mälim etdi.

Degişli maglumat Türkmen ÝOJ-larynda ‘para möwsümi’ başlaýar

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň malgumatlaryna görä, Lebabyň dolandyryş merkezinde ilatyň nagt we nagt däl töleg bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.

Ýerli ýaşaýjylar Türkmenabatda ýerleşýän hususy dükanlaryň ençemesinde nagt däl hasaplaşyk üçin töleg terminallarynyň oturdylmandygyny aýdýarlar.

“Nagt däl hasaplaşyk üçin töleg terminallary dükanlaryň ählisinde ýok. Terminallar ýa işlemeýär, ýa-da tölegiň üstünden 10 göterim pul tutulýar. Bank kartlary arkaly töleg geçirilende satyn alan harytlaryň bahasynyň üstüne goşmaça 10 göterim töleg goşýarlar. Şu meselede gözegçilik ýok, salgyt gullugy hem şu meselä gözegçilik etmeýär” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Beýleki bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, şäherde ýüzlerçe hususy dükan bar we şol dükanlardan diňe 25 töweregi dükanda töleg terminallary işleýär. Ýöne olar hem hasaplaşyk üçin goşmaça 10 göterim töleg tutýar.

“Banklarda nagt pul ýok. Bank kartlarynyň üsti bilen söwda etmek üçin şeýle kynçylyklar bar. Onsoň adamlar nädip azyk önümlerini satyn alsyn!” diýip, ýene bir ýaşaýjy dowam edýän maliýe kynçylyklary boýunça pikir beýan etdi.

Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar soňky ýyllarda has-da ýitileşdi. Pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän ýaşaýjylar, bank kartlarynyň üsti bilen töleg geçirmäge isleg bildirýär. Ýöne dükanlardaky terminal ýetmezçiligi, ýa-da terminal hasaplaşygy bilen bagly goşmaça tölegler ilaty kynçylyklara sezewar edýär.

Türkmen hökümeti ýygy-ýygydan maliýe we ykdysadyýet toplumyny elektron ulgama geçirmek, ýurtda nagt däl hasaplaşyklary artdyrmak barada gürrüň edýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu gürrüňleriň iş ýüzünde o diýen çalt amal edilmeýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Gara bazarda dollar 40 manada ýetdi

“Nagt däl tölege geçmeli diýip, gaýta-gaýta aýdylýar. Ilkinji nobatda töleg terminallaryny köpeltmeli. Olara gözegçilik gullugyny döretmeli. Elektron tölegleri ornaşdyrmaly” diýip, ýerli ýaşaýjy öz tekliplerini beýan etdi.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, ýurtda dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi dürli şertlerde özüni görkezýär.

Banklar pullary ilatyň bank kartlaryna geçirýär. Ýöne ýaşaýjylar bankdan gelen pullary ne aňsat nagtlaşdyryp bilýär, ne-de olary nagt däl görnüşde harçlap bilýär.

“Köp raýat toý etmek üçin ýa-da dürli maksatlar bilen banklardan karz pul alýar. Banklar şol karzy hem raýatlaryň bank hasabyna geçirýär. Müşderi bankdan alan karzyny nagtlaşdyrmakda [kösenýär]. Dürli hilli ýollar bilen puluny nagtlaşdyrmaga synanyşýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Ahyrsoňy, para berip pullaryny nagtlaşdyrýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.

“Meselem, bir adam bankdan 10 müň manat karz alsa, ol 10 müň manat üçin 1 müň manat töläp, puluny nagtlaşdyryp bilýär. Şeýle ýagdaýda eline 9 müň manat galýar. Ýöne yzyna gaýtaranda ol puly prosenti bilen 12-13 müň manat edip, banka gaýtarmaly” diýip, ýerli ýaşaýjy düşündirdi.

Türkmenistanyň Hytaý bankyndan alan karzlarynyň jikme-jikligi, anyk möçberleri, töleg şertleri aýdylmaýar. Ýöne resmi metbugat mart aýynda 8 millard dollardan gowrak maliýe serişdesiniň gaz geçiriji üçin karz alnandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.