Saud Arabystanynyň häkimiýetleri bu ýyl sanjym edilen 60,000 ýaşaýjynyň haj zyýaratyny amala aşyrmagyna rugsat berjekdigini, bu ýurtda ýaşamaýan adamlaryň zyýarat edip bilmejekdigini tassyklaýarlar.
Saud Arabystanynyň Metbugat gullugynyň patyşalygyň Haj we Umra ministrliginiň resmilerine salgylanyp 12-nji iýunda beren habaryna görä, bu ýylky haj zyýaratlary "ýerli ilat üçin açyk bolup, 60,000 zyýaratçy möçberinde çäklendiriler”.
Şeýle-de, haj zyýaratyny amala aşyrmak isleýänler 18-65 ýaş aralygyndaky adamlar bolup, olar hroniki kesellerden halas bolmaly, sanjym edilen bolmaly diýip, habarda bellenýär.
Ýyllyk haj zyýaratlarynda, adatça, musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Mekge we Medinä şäherlerine 2 milliondan gowrak zyýaratçy gelýär. Bu ýyl haj zyýaratlary 17-22-nji iýul aralygynda amala aşyrylar.
COVID-19 aladalary sebäpli, köp ýurt Mekgä döwlet tarapyndan guralýan zyýaratlaryny eýýäm ikinji ýyl goýbolsun etdi.