Türkmen görnüşleri - 23 nji hepde

Aşgabat. Köçe hereketini bozup, ýoldan geçýän adamlar, jerime salnansoň, ýerasty ötüklerden geçmegi 'dogry' tapýarlar.   

Aşgabatda bolan daşary ýurtly syýahatçylar şäherde adam az diýýärler, ýöne eli sübseli aýallary welin görendiklerini aýdýarlar. 

Aşgabat. Mejbury-meýletin welosiped çäreleri ýaşlary, islese-islemeseler-de, yssy howada hem tigir sürmäge itekleýär. 

Ak mermerli Aşgabat dünýäniň beýleki şäherlerinden esasan ak reňkli awtolaglary bilen 'tapawutlanýar'. 

Jokrama yssyda daşaryk, baglaryň saýasyna çykan aşgabatly aýal.

Aşgabat. Ýüz maskasyny geýen aýal. 

Aşgabat. Ýowara çykan adamlar baglaryň dübüni agartdylar. 

Aşgabat. Baglanan köçe. 

Aşgabat. Awtobus duralgasynyň ýanynda ulaga garaşýan adamlar.

Aşgabat. Jaýlarynyň işiginde oýnaýan çagalar.