Farapda türkmen talyplary Özbegistandan Türkmenistana geçmekde kynçylyk çekýär

Farap sehet geçelgesi

Türkmen studentleriniň onlarçasy Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinden geçmekde kynçylyk çekýär. Goňşy ýurtda okaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda ýerleşýän Farap serhet nokadyndan geçip, öz watanyna dolanmaga synanyşýarlar. Serhetdäki ýagdaý barada Azatlygyň Özbegistandaky we Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri gönüden-göni gürrüň berýärler.

Dürli çeşmelere görä, 25-nji maýda türkmen serhetçileri Özbegistandan onlarça türkmen studentiniň ýurda girmegine rugsat bermediler. Talyplaryň sözlerine görä, olara anyk sebäpler düşündirilmändir. Talyplara konsullyga ýüz tutup, serhetden geçmäge rugsat almak maslahat berilipdir. Bu waka okuwçylaryň arasynda nägilelik döretdi we protest bildirmegine sebäp boldy.

Daşkent 10 sagatlyk ýolda, Alat-Farap serhet nokadyndan 700 km uzaklykda ýerleşýär.

Birnäçe student Daşkendäki konsullyga gitdi, dört adam serhet ýakasynda galdy we bolup geçýän ýagdaýa protest hökmünde bir duralgada ýerleşdi. Olar, Türkmenistan olary kabul edýänçä, şol ýerden gitmejekdiklerini mälim etdi.

Bu barada Azatlyk bilen gizlinlik şertlerde gürleşen binäçe çeşme gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna getirdi

Bu aralykda habarçylar 30-njy maýda 20 çemesi studentiň Farapdaky serhet geçelgesinden geçip, Türkmenistana barandygyny habar berdiler.

Çeşmelere görä, türkmen serhetçileri azyndan 20 adamyň geçmegine rugsat beripdir, olaryň 17-si gyz we 3-si oglan. Gelenler Farapdaky karantin zonasynda ýerleşdirildi. Watanyna gaýdyp gelen türkmen raýatlarynyň arasynda nägilelik bildirip, protest edýän talyplar gelmändir.

Azatlyk Radiosy Farap serhet geçelgesiniň we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň wekillerinden resmi düşündiriş almaga synanyşýarlar.

4-nji iýulda çeşmeler studentleriň henizem duralgada galýandygyny aýtdy. Adatdan daşary yssy howada ýaşlar suwsyz we şertsiz galýarlar. Mundan başga-da, talyplar watanyna gaýdyp barmak mümkinçiliginden bihabar bolýarlar.

"Talyplara nägileliklerini dowam etdirseler, olaryň ýurda iň soňda girjekdikleri aýdylýar" -diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Soňky ýylyň dowamynda koronawirus pandemiýasynyň arasynda yzygiderli uçar gatnawyň ýatyrylmagy sebäpli Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girişi we çykmagy hasam çylşyrymly boldy. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary köp ýyl bäri türkmen-özbek serhedinden geçmekde kynçylyk çekýärler. Türkmenistanyň häkimiýetleri, ozalky ýyllarda hem sebäplerini düşündirmän, Özbegistanda okaýan raýatlarynyň öz ýurduna girmegini gadagan edipdi. 2018-2019-njy ýyllarda ýüzlerçe türkmen okuwçysyna birnäçe gezek sebäbi düşündirilmezden serhetden geçmek gadagan edilipdi.

Degişli maglumat Türkmenistan we Özbegistan serhet meselesi barada ýene pikir alyşdylar

Serhet sebitleriniň ýaşaýjylary hem serhetden geçmekde yzygiderli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Soňky ýyla çenli Özbegistandan Türkmenistana awtoulag we uçar bilen baryp bolýardy. Ýurtlaryň arasynda ýolagçy demirýol aragatnaşygy 1990-njy ýyllardan bäri amala aşyrylmaýar.

Özbegistandan Türkmenistana gury ýer ýollary Özbegistanyň Buhara sebiti bilen serhetleşýän Lebap welaýatyndaky Farap barlag nokadynyň, şeýle hem demirgazyk Daşoguz welaýatynyň S.Niýazowyň adyndaky etrapda ýerleşýän Daşoguz barlag nokadynyň hem-de Garagalpakstan bilen serhetleşýän Köneürgenç etrabyndaky barlag-geçiş nokadynyň üstünden geçýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy serhediň uzynlygy 1 793 kilometre barabardyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.