Geçen şenbe güni Lebapda bir iri transformator ýarylyp, türkmenabatlylar 12 sagat toksuz galandan soň, Farapda häkimiýetler ilatdan elektrik energiýasyny tygşytly sarp etmegi, tok köpeldiji enjam ulanmazlygy hem-de wolfram lampalaryny LED lampalary bilen çalyşmagy talap edýär.
Faraply ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, häkimiýetler ilatdan pes woltda işleýän elektrik enjamlaryny ulanmagy we öňümizdäki hepdäniň çarşenbe gününe çenli wolfram lampalaryny LED lampalary bilen çalyşmagy talap edýär. Bu barada resmi buýruk ýok, ýöne ýerli ýaşaýjylar görkezmäniň dilden berilendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Ýygjamlaşan elektrik kesilmeleri obada jüýje öndürýän telekeçileri batyrýarHünärmenlere görä, LED lampalary bilen deňeşdirilende adaty wolfram lampalar has köp energiýa sarp edýär.
Ýöne türkmen häkimiýetleriniň lampa talaplarynyň diňe energiýa tygşytlylygy bilen baglydygy ýa-da däldigi aýdyň däl.
Türkmenistan LED lampalaryny özünde öndürýär. Ilatyň täze lampa satyn almaga mejbur edilmegi, ýerli LED öndürijileriň önümçiligine täsir eder.
Şol bir wagtyň özünde, habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler hojalyklardan pes woltda işleýän sowadyjylary we kondisionerleri ulanmagy talap edýär.
“Elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleri hojalyklardaky tok köpeldiji enjamlary we suw nasoslaryny ýygnap aldylar. Bu enjamlaryň eýeleriniň arasynda jerime töledilen adamlar bar” diýip, Farap şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabadyň ep-esli bölegi 12 sagatlap toksuz we suwsuz galdyHabarçy hojalyklaryň normadan az elektrik energiýasy bilen üpjün edilýändigini, hojalyklara iberilýän toguň kondisioner we beýleki käbir köp tok talap edýän elektrik enjamlaryny işletmekden ejiz gelýändigini habar berýär.
“Hojalyklara berilýän tok 150 woltdan aňry geçmeýär, şonuň üçin adamlar 220 wolt tok berýän tok köpeldiji enjamlardan peýdalanmaly bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Häkimiýetler ýaňy-ýakynda Lebabyň bir elektrik stansiýasynda iri transformatoryň ýarylmagyny adamlaryň elektrik energiýasyndan bisarpa peýdalanmagy bilen düşündirýärler.
Ýöne Azatlyk Radiosy transformatoryň ýarylmagynyň takyk sebäbini resmi kanallardan anyklap bilmedi.
29-njy maýda Türkmenabadyň Bahar etrapçasynda bir iri transformator öýlän sagat 2 töwereklerinde partlady we şäher ýaşaýjylarynyň tas ýarysy 12 sagatlap toksuz we suwsuz galdy. Transformatoryň ýarylmagy şäheriň iri hojalyk desgalarynyň işini togtatdy.
Elektrik üpjünçilik edarasynyň bir hünärmeniniň sözlerine görä, ýurtda häkimiýetleriň elektrik energiýasyny tygşytlamak tagallalarynyň çäginde, her hojalygyň kondisioner ulanmak mümkinçiligi adam sanyna görä çäklendirilýär.
“Üç adamly hojalyklara 25 inedördül metr meýdana niýetlenen kondisioner ulanmaga rugsat beriler, 6 adamdan az bolmadyk hojalyklar 35 inedördül metr meýdana niýetlenen kondiosionerlerden peýdalanyp bilerler” diýip, hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Bir öýde iki kondisioner ulanylmagyna asla rugsat berilmez” diýip, ol sözüne goşdy.
Degişli maglumat Farapda yzygiderli tok kesilýär, ýyladyş problemalary dowam edýär. Resmiler bu nogsanlyklary býujet işgärleriniň hasabyna çözmäge çalyşýarBu aralykda, habarçynyň maglumatlaryna görä, Farapda häkimiýetler köçelerdäki lampalary hem jemagat gullugynyň işgärleriniň hasabyna çalyşmagy planlaşdyrýar.
“Köp energiýa sarp edýän lampalary LED lampalary bilen çalyşmak üçin jemagat gullugynyň işgärlerinden mejbury pul toplanýar” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda häkimiýetler dürli “bahanalar” bilen býujet işgärlerinden pul ýygnaýar. Mundan ozal, “tebigaty goramak üçin”, “tigir satyn almak üçin”, “edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin” we beýleki käbir ýagdaýlar boýunça býujet işgärlerinden pul toplandy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, LED lampalarynyň bahasy o diýen arzan däl.
Ol iň arzan LED lampalarynyň 40 manatdan bahalanýandygyny habar berýär.
“Adamlarda çörege pul ýok, diýod lampalar, goşmaça jerimeler...” diýip, beýleki bir farap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň elektrik energiýasyndan, suwdan we gazdan mugt peýdalanmagy doly ýatyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.