Şu günler Mary sebitinde, howanyň aşa gyzmagy bilen, ýogalýan adamlaryň sany köpeldi diýip, ýerli habarçy habar berýär.
Baýramaly etrabyndaky Hojaýusup baba gonamçylygynda soňky on günüň dowamynda adatdaky günler bilen deňeşdirilende has köp adam jaýlandy, mundan bir aý öňem beýle agramçylyk ýokdy diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.
Olaryň sözlerine görä, soňky wagtlar diňe bir gonamçylykda her gün on-on iki adam jaýlanýar, ýogalanlaryň içinde ýaşy ýaňy elliden, kyrkdan geçen adamlaram bar.
"Obalarymyz şu günler gaty agramçylyk, her gün 2-3 adam aýrylýar, adamlar yssy howa çydaman ölýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Ýerli synçylar yssy howanyň dowamly azyk gytçylygynyň we ýetde-gütde durmuşyň üstüne urna bolandygyny, sebäbi geçen ýyl çagalaryna iýmäge zat tapman, bolanja öý goşlaryny, şol sanda kondisonerini satan ýa azyga çalşan adamlaryň hem az bolmandygyny aýdýarlar.
"Eger syrkawlap, teni gyzdyryp ýatan adam bolsa, bu howa ony ýüz ugra alýar, sebäbi köp hojalykda sowadyjy hem ýok" diýip, bu ýagdaýy ýene bir ýaşaýjy tassyk etdi.
Şeýle-de, biri-birinden habarsyz adamlar häzirki yssynyň "gaty ýakymsyzdygyny, öýüň içinde sag adamyň zordan dem alýandygyny, daşaryk çykar ýaly däldigini" aýtdylar.
Ýöne bu kondisionerli hojalyklaryň hezil edip oturandygyny asla aňlatmaýar.
Öýünde sowadyjysy bar adamlar hem kösenýär, sebäbi kondisioner ulanýan köpelse, derrew tok ýetmän başlaýar, köplenç transformatorlar hatardan çykýar diýip, habarçy meseläniň diňe ilatyň garyplygynda hem däldigini, eýsem, infrastrukturanyň hem ýagdaýlydygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, oba ýerlerinde henizem sowet döwrüniň köne, bireýýäm çalyşmaly edilen transformatorlary ulanylýar.
"Obaňyzyň transformatoryny täzelejek diýip, 2008-nji ýylda her hojalykdan 40 manat aldylar, ondan bäri 13 ýyl geçdi, emma häzirem şol sowet döwründe oturdylan tok geçirijileri bejerip, bolşundan işletjek bolýarlar" diýip, obasynyň adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjysy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenabadyň ep-esli bölegi 12 sagatlap toksuz we suwsuz galdyTok ýetmese, diňe kondisioneri däl, holodilnigi hem ulanyp bolmaýar, onsoň adamlar barha kän tok köpeldiji ulanýar, bu bolsa öz gezeginde transformatorlara agram salýar we olaryň hatardan çykmagyna alyp gelýär diýip, ýerli hünärmen ýagdaýy düşündirdi.
Hünärmen bu kynçylyklaryň uzak wagt bäri dowam edýändigini, emma häkimiýetleriň olary düzetmek üçin alada etmeýändigini hem sözüne goşdy.
"Ozalam iýjegimiz gaýgydy, bu yssy hem üstesine, adamlary gaty heläk edýär" diýip, radionyň bir söhbetdeşi öz goňşusynyň ýogalmazyndan öň gören horluklaryny gürrüň berdi:
"Pahyr, her gün irden köçä çykyp, ulagynda kireý edip, çagalaryny ekleýärdi. Iki gün öň öýüne zordan geldi. Ulagynyň içinde çagalary hem bardy. Çörek aljak bolup, çagalaryny güne gyzan maşynda garaşdyryp, nobata durupdyr. Agşam aýaly gyzdyryp, hassahana düşdi, içinden ýalyn geçipdir. Elinde derman almaga-da puly ýok, garyndaşlary dermanyna kömek etdi. Pahyr, özi hem 'ýagdaýym gowy däl, şu yssy ýurtda maşynyň aýnalaryny garaldyp, günden goranmaga hem rugsat berenoklar' diýip, goňşularynyň ýanynda zeýrendi we ertesi aradan çykdy. Indi onuň aýaly hassahanada, bejergi alyp ýatyr, hossarlary bolsa öýünde oturyp, ýas tutýarlar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy gürrüň berdi.
Howa maglumatyna görä, ertir Maryda howanyň gyzgyny 55 gradusa çenli ýeter öýdülýär. Lukmanlar ir sagat 9-dan agşam sagat 8-e çenli öýden çykmazlygy maslahat berýärler. Emma adamlar meýdanda işlemäge mejbur bolýar we, öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda yssy howa zerarly ölen adamlar barada statistiki maglumat çap edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.