Türkmenabadyň ep-esli bölegi 12 sagatlap toksuz we suwsuz galdy

Illýustrasiýa. Transformator

29-njy maýda Türkmenabatda ýokary woltly elektrik stansiýasynda bir transformatoryň ýarylmagy netijesinde şäheriň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy. Elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde dörän näsazlyk şäheriň iri hojalyk desgalarynyň, şol sanda suw üpjünçilik desgalarynyň işini togtatdy. 12 sagatlap elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmegi şäher ýaşaýjylarynyň durmuşyna oňaýsyz täsir etdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň Bahar etrapçasynda ýerleşýän iri transformator şenbe güni günortan sagat 2:15 töwereklerinde hatardan çykdy.

Degişli maglumat Lebapda elektrik togy ençeme sagat berilmedi. Käbir obalar indi iki gün bäri toksuz kösenýär

“Ýokary woltly elektrik stansiýasynda uly transformatyryň ýarylmagy netijesinde zynjyrlaýyn reaksiýa başlady. Uly transformatoryň ýarylmagy netijesinde Türkmenabat şäheriniň günortasyndan tä demirgazyk böleginiň ýarty böleginde tok öçdi we tok bilen işleýän ähli jemagat hojalygyna degişli desgalar öçdi” diýip, habarçy habar berdi.

Transformator ýarylandan soň, Türkmenabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän agyz suw desgalarynyň nasoslary öçdi we şäherde içimlik suwy kesildi.

Şäheriň elektrik üpjünçiligi 29-njy maýdan 30-njy maýa geçilen gije sagat 2 töwereklerinde gaýtadan ýola goýuldy. Şondan ýarym sagat töweregi soň, suw üpjünçiligi hem bölekleýin ýola goýuldy.

Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, 12 sagat töweregi dowam eden elektrik we suw bökdençligi şäher ýaşaýjylaryny aladalandyrdy. Olar beýle ýagdaýa özleriniň garaşmandyklaryny aýdýarlar.

“Duýdansyz bolan bu waka adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň ýokdugyny görkezdi” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ähli köçelerde swetoforlar öçdi, ýöne toksuz ýaşap bolar ekeni, suwsuz kyn ekeni” diýip, beýleki bir şäher ýaşaýjysy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, garaşylmadyk ýagdaýda suw üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmagy bilen hususy dükanlarda arassa içimlik suwuň bahalary dessine ýokarlanypdyr.

Ýerli ýaşaýjy garaşylmadyk adatdan daşary ýagdaýlar üçin öňünden ätiýaç suw alyp goýmadyk hojalyklaryň kösenendigini gürrüň berdi.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary “Lebapenergo” önümçilik birleşigi tarapyndan elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär. Birleşigiň düzümine “Türkmenabat elektrik ulgamlary” kärhanasy, 14 etrap we iki şäher elektrik ulgamlary girýär. Resmi maglumata görä, birleşigiň hasabynda 2575 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri bar.

2014-nji ýylda ulanylmaga berlen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwatlylygy, Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, 149 megawat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenabadyň elektrik stansiýasynda ýüze çykan hadysa bilen bagly Türkmenistanyň energetika ministrligi resmi düşündiriş bermeýär. Transformatoryň ýarylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar. 29-njy maýda Türkmenabatda howanyň temperaturasy 42 gradus yssy bolupdyr. 42 gradus yssyda şäher ýaşaýjylary 12 sagatlap toksuz we suwsuz galdy.

Bir türkmenabat ýaşaýjysy ýarylan transformatoryň göwrüminiň uludygyny aýdýar.

“Ol ýarylan transformator has ullakan. Men şolar ýaly transformatory mundan bir ýyl öň Owganystan döwletine muzdsuz berlende “Watan” habarlarda gördüm. Has uly transformator ýaryldy” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän gijesi howpsuzlyk güýçleri hüşgärligi artdyrdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazyk sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Ýurduň Lebap we Mary welaýatlary Owganystan bilen serhetleşýär. Türkmenabat şäheri Lebap welaýatynyň administratiw merkezidir.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, hususan-da çet obalarda ýygy-ýygydan elektrik üpjünçiliginde näsazlyklar ýüze çykýar. Ýerli ýaşaýjylar obalarda we şäherlerde ençeme transformatorlaryň könelendigini aýdýarlar.

Mundan ozal, geçen ýylyň ahyrynda, 29-njy dekabrda tutuş ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy. Muňa ýurduň iň iri elektrostansiýalarynyň birinde, Marynyň elektrik stansiýasynda dörän näsazlyk sebäp boldy. Bu hadysa sebitlerde harby hüşgärligiň artdyrylmagyna we ýokary derejeli birnäçe resminiň “berk käýinç” bilen jezalandyrylmagyna sebäp boldy.

Has ozal, ýurduň gündogar sebitlerinde turan harasat Lebap we Mary sebitlerinde ençeme elektrik sütünlerini hatardan çykardy. Şonda bu sebitleriň käbir etraplarynda elektrik üpjünçiligini gaýtadan dikeltmek wagt aldy.

Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy şu günler paýtagtyň suw üpjünçiliginiň kadasyzdygyny, 5-6-9-10-11-nji etrapçalarda we ähli Parahat etrapçalarynda gijelerine we gündizlerine adamlaryň suw problemasy bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, käbir etrapçalarda gije 12-den irden sagat 7-ä çenli suw kesilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.