Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrkynyň Marydaky baş metjitde bellenilişiniň käbir jime-jiklikleri mälim boldy, sebitdäki habarçy bu çärä esasan býujet işgärleriniň gatnaşandygyny, ýöne sadaka gelmeli adamlaryň ‘gelşikli bolmalydygyny', ‘semiz bolmaly däldigini’ habar berdi.
Erkek adamlar ak köýnekli, gara jalbarly bolmaly, aýal-gyzlaryň eşikleri, köýnekleri garamtyl reňkli bolmaly, açyk reňkli bolmaly däl, olar başlaryna ýerligi gara sary öýmeleri daňmaly diýlip, berk buýruk berildi.
Şeýle-de, sadaka berilýän ýere geljek gelinleriň başlaryna daňylan öýmeleriniň daňylyş usulyna üns berildi, ege-de ‘ahal daňylyşy’ diýilýän bolmasa, ol düzetdirildi diýip, habarçy aýtdy.
Hususan-da öýme ýaşmagynyň ‘çep eginden gitmelidigi’ baradaky düzediş berildi, ýaglyklaryňyzy ‘beýik edip daňypsyňyz’ diýip, ýüzi alnan, üstüne gygyrylan aýallar hem boldy.
Sadakadan soň habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar pata ýerinde egin-eşige beýle üns berlişini ilkinji gezek görýändiklerini aýtdylar.
Degişli maglumat Mirziýoýew Gypjakda Berdimuhamedowyň sadakasyna gatnaşdy, iki lider Nyýazowyň mawzoleýine bardy“Sadakada esasy zat duz dadyp, ýogalan adamyň hormatyna doga-dileg etmek, ony ýagşylykda ýatlamak diýip bilýärdik, indi ýas hem mejbury çäre öwrülip barýar, emeldarlar bu üýşmeleňi ýogalan adama hormatlary üçin däl-de, ýokarda oturanlara ýaranmak üçin gurnaýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşuly radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
45 ýaşlaryndaky ýaşaýjy bolsa, ‘ýasama çäreden ýadan adamlar, her kim basymrak gutarsa, öýe gitsek diýip oturan ýaly’ diýip, metjide gelen adamlar barada eden pikirini paýlaşdy.
Mundan öň Lebapdaky habarçy sebitiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan M.Berdimuhamedowyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýa geýmegiň talap edilendigini habar berdi.
Prezidentiň kakasy 18-nji aprelde aradan çykdy. Türkmen mediasy 28-nji maýda M.Berdimuhamedowyň hatyrasyna Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde hem sadaka berlendigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji maýda, Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde berlen sadaka gelen adamlara kakasynyň ugurtapyjy, ruhubelent adam bolandygyny gürrüň berdi we oňa bagyşlap ýazan goşgusyny okap berdi.
Döwlet TW-siniň 28-nji maýdaky maglumatyna görä, Içeri işler ministrliginiň M.Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde geçirilen maslahat G.Berdimuhamedowyň bir gün öň okan täze goşgusynyň labyzly, çeper okalmagy bilen başlandy.
Yzgant şäherçesinde, M.Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen maslahat bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň sahnalaşdyran edebi kompozisiýasy bilen başlanyp, “Arkadag bilen” diýen aýdym bilen jemlenildi.
Degişli maglumat Lebapda ýolbaşçy düzüm prezidentiň kakasynyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýa geýmeli edildiMälikguly aganyň ýas çäreleri daşary ýurtlardaky çagalary bilen habarlaşyp, bir tarapdan olara yzyna gelmezligi tabşyrýan, ikinji tarapdan hiç zada goşulmazlygy sargaýan ene-atalaryň köpelen wagtyna gabat geldi.
Türkiýede ýaşaýan bir migrantyň Azatlyga aýtmagyna görä, oňa kakasy ‘bir ýerde adyň çyksa, meniň oglum dälsiň, hiç zada goşulma, diňe işle we pul iber, ne dollaryň bahasy bilen işiň bolsun, ne-de unuň bahasy bilen’ diýip, berk tabşyryk beripdir.
Ol kakasynyň ozal hiç wagt beýle gürrüň etmändigini, belki-de, häkimiýetler tarapyndan gorkuzylan bolmagynyň gaty ahmaldygyny aýtdy.
Ýene bir maglumata görä bolsa, Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary bilen bir hatarda, etniki türkmenleri hem berk gözegçilikde saklamaga çalyşýar. Adyny aýtmakdan saklanan eýranly türkmeniň sözlerine görä, käte režimi tankytlap ýazylan makalalara ‘like’ goýsalar, komment ýazsalar, olara Türkmenistdan jaň edilýär.
“Ynanmarsyň, Türkmenistanyň MHM-si bize-de jaň edip otyr. ‘Siz näme, eýranly türkmenler, biziň tersimize ýazylan zatlara like goýýaňyz? Eýle-beýle’ diýip, gorkuzjak bolýarlar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen howpsuzlyk işgärleri internetde başga-başga atlar bilen komment, teswir goýýan eýranly türkmenleriň hem hakyky atlaryny anyklap, olara telefon edip, ‘eý, pylany, pylanyň ogly, pylan ýerde oturýan’ diýip, özlerine maglumat berýän çeşmeleriniň bardygyny bildirip, täsir ýetirmäge synyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.