Birleşen Ştatlar ýolagçy uçarynyň ýolundan sowulmagy we Minskde gondurylmagy, uçardaky žurnalistiň tussag edilmegi sebäpli, Belarusa garşy has kän sanksiýa girizer.
Bu çäre 3-nji iýunda Belarusyň döwlet eýeçiligindäki dokuz kärhanasyna garşy gaýtadan giriziljek doly sanksiýalary hem öz içine alýar diýip, Ak tamyň metbugat wekili Jen Psaki 28-nji maýda aýtdy.
Psaki Birleşen Ştatlaryň bu çäreleri “režimiň öz edýän işlerine jogap bermegini gazanmak, özüniň belarus halkynyň isleglerine ygrarlydygyny görkezmek üçin" görýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ABŞ ÝB we beýleki hyzmatdaşlar bilen belarus hökümetiniň “dowam edýän hukuk bozulmalaryna we korrupsiýa, 2020-nji ýyldaky saýlawlaryň galplaşdyrylmagyna we 23-nji maýdaky hadysa dahylly bolan esasy agzalaryna garşy nyşanalaýyn sanksiýalaryň sanawyny düzmek tagallalaryny utgaşdyrýar.