Birleşen Ştatlarda we Ýewropada waksinasiýa kampaniýasynyň oňaýly netijeleriniň çäginde koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň selçeňleşmegi bilen, bahra köp çäklendirmeler gowşadylyp başlandy.
23-nji maýda Ysraýylyň Saglyk ministrligi eger-de hökümet goldasa, onda ähli çäklendirmeleriň 1-nji iýundan başlap aradan aýrylyp bilinjekdigini aýtdy. Bu giň gerimli waksinasiýa kampaniýasyny alyp barýan beýleki döwletleriň hem nobatdaky ädimi bolup biler.
Ysraýyl dekabrdan başlap giň gerimli waksinasiýa kampaniýasyny alyp bardy. Munuň netijesinde ýurtda koronawirusa ýolugýanlaryň, ol sebäpli hassahana düşýänleriň we ölýänleriň sany göz-görtele peseldi.
Bu sebäpli, resmiler barlaryň, restoranlaryň we beýleki jemgyýetçilik ýerleriniň ýaňadandan açylmagyna ygtyýar berdiler. Emma bu diňe waksina sanjymy edilen ýa-da COVID-19-dan saplanan adamlara degişlidi. Täze kanuna laýyklykda, hemme ýerler hatda waksina sanjymyny etdirmedik raýatlara hem elýeteri bolar.
Ýewropada hem ençeme döwlet çäklendirmeleri gowşatdy ýa-da muny iýunyň dowamynda amal etjekdigini mälim etdi.