Türkmen aktiwistleri seslerini sosial ulgamlar arkaly eşitdirmäge synanyşýarlar

Illýustrasiýa suraty

Soňky bir ýyldan gowrak döwürde koronawirus pandemiýasy sebäpli, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň we studentleriniň sosial meseleleriniň hasam artandygyny olar Azatlyk Radiosyna aýdýarlar. Hut şonuň üçin-de, olar öz seslerini sosial ulgamlar arkaly häkimiýetlere eşitdirmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy mundan öň daşary ýurtlardaky ýaşlaryň döreden “Türkmenistanyň Ýaşlar Hereketi” barada maglumatlar beripdi.

Bu hereketi esaslandyryjylaryň biri Nurynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, olaryň sosial ulgamlar arkaly işleri barha ilerleýär.

“Türkmenistanyň Ýaşlar Hereketiniň” esaslandyryjylaryň biri Nury

“Her gün agşam Türkiýe wagty bilen sagat 9-da biziň janly ýaýlymymyz başlanýar. Biz esasanam, sosial ulgamlardan “Tik-Tok” göni ýaýlymyny ulanýarys we biziň alyp baryjymyz bilen iki raýaty göni efire alyp dürli sosial meseleler barada diskussiýa edýäris. Biziň ýaýlymlarymyza ýüzlerçe türkmen raýaty tomaşa edip, teswirlerini galdyrýarlar. “Tik-Tok” her ýaýlymyň soňunda näçe adamynyň ýaýlyma tomaşa edendigini görkezýär. Şunlukda, “Tik-tok”biziň her janly ýaýlymymyza 4-5 müň türkmen raýatynyň tomaşa edendgini görkezýär. Emma her göni ýaýlyma 200 çemesi raýat gatnaşyp, soraglar berýär, diskussiýalar edýär. Olar Russiýadan, Ukrainadan, Ýewropadan we Türkiýeden” diýip, aktiwist aýdýar.

Nurynyň sözlerine görä, olaryň diskussiýalaryna gatnaşýan studentler esasan, Türkmenistandan pul ýollamakdaky kynçylyklar bilen ilteşikli problemalaryny gürrüň berýärler.

“Türkmen studentleriniň aglabasy Western Union arkaly Türkmenistandan pul alyp bilmeýändikleri, “Visa” kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändikleri baradaky meselelerini gozgap, “indi besdir” mundan artyk çydamaýarys. Näme bolsa, bolsun. Biz indi öz sesimizi şeýle platformalar arkaly eşitdirmek üçin elimizden gelenini ederis, gorkmaýarys diýip pikirlerini çekinmän aýdýarlar” diýip, Nury habar berýär.

Daşary ýurtlardaky zähmet migrantlary bolsa, pasport, pandemiýa bilen bagly dörän sosial meseleleri bilen ilteşikli gürrüň berýärler diýip ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde nygtady.

“Şonuň ýalyda, zähmet migrantlary, esasan, ýaşaýan daşary ýurtlarynda pasportlarynyň möhletiniň tamamlanandygyny, işlemekdäki kynçylyklaryny agzaýarlar. Üstesine-de, olar koronawirus pandemiýasy wagtynda iş tapmagyň aňsat däldigini, ýollaryň ýapykdygy üçin Türkmenistandaky garyndaşlarynyň ýaslaryna, toý-tomaşasyna gidip bilmeýändikleri we beýleki sosial meselelerini orta atýarlar” diýip, ýaş aktiwist belleýär.

Degişli maglumat Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara garşylyk toparlaryna goşulmazlygy ýene bir gezek duýdurýar

Emma Ýaşlar hereketini esaslandyryjylaryň biri Nury Türkmenistanyň içindäki ýaşlaryň bu diskussiýalara gatnaşygynyň pesdigini belläp, munuň internetiň tizliginiň gowşakdygy we häkimiýetleriň interneti berk gözegçilikde saklaýandygy bilen baglygyny çaklaýar.

“Gynansakda, häzirlikçe Türkmenistanyň içinden aktiwlik örän pes. Sebäbi, ýurduň içinde internetiň tizliginiň pesdigi, oňa diňe “VPN” arkaly girip bolýandygy, ýaşlaryň köpüsinde “VPN-niň” ýokdugy, häkimiýetleriň internete berk gözegçilik edýändigi üçin olar biziň janly ýaýlymlarymyza gatnaşyp bilmeýärler. “Tik-Tok”, “ÝouTube” ulgamlary Türkmenistanda senzurada we petiklenen. Ýurduň içindäki raýatlar olary görüp bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, Nury Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Nury sosial ulgamdaky diskussiýalara häkimiýetleriň sosial-ykdysady syýasatyny goldap, çykyş edýänleriň hem gatnaşýandygyny nygtaýar.

“Olar gelip, siziň aýdýanlaryňyz ýalan, ýagdaýlar beýle däl diýýärler. Meselem, biz pul çekilýän bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň bardygyny, ilatyň öz aýlyklaryny, pullaryny alyp bilmeýändiklerini aýdanymyzda ildeşlerimiziň käbiri “bular ýaly zat ýok. Ýalan” diýip pikirlerini, tankytlaryny aýdýarlar. Türkmen hökümetiniň “gül ýaly” sistemasynyň bardygyny nygtap, ony taryplaýanlar hem bar. Biz olara hem ýagdaýlary elimizden geldigiçe düşündirmäge çalyşýarys. Biz olar bilen açyk, demokratik usulda diskussiýa geçirýäris. Biz ýaýlymlarymyza gelýän her bir ildeşimiziň pikirlerine hormat goýýarys. Her kim öz pikirlerini beýan etmeli, gelsinler aýtsynlar. Biziň olara hiç-hili garşylygymyz ýok” diýip, ol aýdýar.

Nury sözüniň dowamynda Türkmenistanda demokratik, halk häkimiýetiniň gurulmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirmekçidigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň pikirleri bilen bagly türkmen resmilerinden kommentariýa alyp bolmady.

Şeýle-de daşary ýurtlardaky türkmen ýaşlarynyň sosial meseleleri barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna ýollan hatymyza hem jogap berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.