TDH Türkmenistanda koronawirus ýokuşmalaryna garşy ulanmak üçin Orsýetden üç görnüşli, Hytaýdan bolsa iki görnüşli sanjymyň ýeterlik mukdarynyň getirilendigini habar berýär.
14-nji maýda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren mejlisinde aýdylmagyna görä, raýatlar dynç alşa gitmezlerinden öň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde COVID-19-a garşy sanjym alarlar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtda zerur bolan anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik mukdarda bardygy, olaryň ätiýaçlyk gorunyň döredilendigi aýdylýar.
Şeýle-de, Türkmenistana “Polimeraz zynjyrly reaksiýasy enjamynyň” ikisiniň getirilendigi, bu enjamlaryň Türkmenbaşy şäherindäki arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnaljakdygy bellenýär.
Hökümetçi “Orient” neşiriniň türkmen mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistana Orsýetde öndürilen “Sputnik V”, “EpiVacCorona”, Hytaýda öndürilen “СоrоnаVас”, şeýle-de iňlis-şwed kompaniýasynyň öndüren “AstraZenica” sanjymlary getirildi.
Ýöne habarda sanjymlaryň mukdary barada anyk sanlar getirilmeýär.
Türkmenistan dünýäde özünde koronawirs näsaglarynyň hiç birini hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri boldy we başda bu kesele garşy ýüzärlik tütetmek, beýleki halk emleri bilen göreşmek maslahatyny berdi.