Ysraýyl Gaza howa zarbasyny urdy, söweşijiler raketa hüjümini amala aşyrdy

Ysraýyl Gaza sebitine howa zarbalaryny urdy, palestinaly söweşijiler hem gür ilatly nokatlara raketa hüjümlerini amala aşyrdylar.

Ierusalimiň üstündäki dartgynlylyklaryň ýitileşýän döwri, öten agşamyň dowamynda Ysraýyl Gaza sebitine howa zarbalaryny urdy, palestinaly söweşijiler hem gür ilatly nokatlara raketa hüjümlerini amala aşyrdylar.

Gazadaky palestin saglyk resmileriniň maglumatyna görä, hüjümlerde 24 adam, şol sanda dokuz çaga öldürilipdir, başga-da 100-e golaý adam ýaralanypdyr.

Ysraýyl harbylary Gazadan Hamas we beýleki jeňçi toparlary tarapyndan atylan 200 töweregi raketa hüjümlerine jogap hökmünde, 10-njy maý güni giçlik 130 nyşana garşy howa zarbasynyň urlandygyny mälim etdiler. Harbylar 15 jeňçiniň öldürilendigini, şeýle-de ýarag zawodlarynyň we ammarlarynyň, tunnelleriň we jeňçileriň dolandyryş merkezleriniň nyşana alnandygyny aýtdylar.

Gazadan atylan raketalaryň aglaba bölegi Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamy tarapyndan saklandy. Emma Aşkelon şäherinde raketalaryň iki ýaşaýyş jaýyna düşmegi netijesinde alty adam ýaralandy.

Mundan öň, 10-njy maýda tapgyr dördünji gün dowam eden gazaplylygyň çäginde, ysraýyl polisiýasy protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy, seňselediji granatlary we rezin oklary ulandy. Bu musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Al-Aksa metjidiniň töwereginde bolup geçdi.

Palestinanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň içinde Ierusalimdäki we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky çaknyşyklarda 700-den hem aşa palestinaly ýaralanypdyr.

Ysraýyl polisiýasy çaknyşyklarda 21 ofiseriň we ysraýylly ýedi raýatyň şikes alandygyny aýtdy.

11-nji maý güni Hamas toparynyň lideri Ysmaýyl Haniýeh ysraýyl güýçleriniň “Ierusalimdäki we Al-Aksa metjidindäki ähli terror hüjümleri” diýip häsiýetlendiren çärelerini togtatmaýança, raketa hüjümleriniň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu raketa hüjümleriniň “gyzyl çyzyk” bolandygyny aýtdy.

Al-Aksa metjidiniň we iudaizmiň iň mukaddes sebiti Ybadat Dagynyň ýerleşýän Gündogar Ierusalimiň statusy – Ysraýyl-Palestina dawasynyň merkezinde dur. Bu mesele ozallar hem çaknyşyklaryň döremegine sebäp bolupdy.

Gündogar Ierusalimdäki mähelleleriň birinden palestin maşgalalarynyň çykarylmak howpy hem dartgynlylyklary ýitileşdirdi.