Geçen gepleşikde erkin metbugatyň demokratiýanyň özenidigini belläp geçdik. Erkin metbugat habar, maglumat, pikir-garaýyş, kommentariýa çap edýär, häkimiýet başyndaky adamlary hasaba çekýär.
Metbugat dürli pikirli adamlar üçin platforma hödürleýär, olaryň sesini eşitdirýär. Erkin metbugat kä gözegçi, kä aktiwist, kä sakçy, kä tälimçi, kä mugallym bolup, halk bähbidine hyzmat edýär; kä güýmenje hödürleýär, käteler bolsa hronika ýöredýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ösen jemgyýetlerde-de syýasatçylar bilen erkin metbugatyň arasy o diýen saz däl. Metbugat syýasatçylaryň yzyna düşýär, meselem, olara häkimiýet başyna gelmezden ozal wada beren sözlerini ýatladýar, halkyň erk-islegini beýan edýär, öz gezeginde betniýetli syýasatçylaryň hem metbugatyň yzyny köwýän wagtlary bolýar.
Munuň mysallaryny, yzarlanan, ýanalan, hatda öldürilen; galp aýyplamalar bilen türmelere basylan, azatlykdan mahrum edilen žurnalistleriň duçar bolan ykbalynda görmek bolýar.
Azat metbugatyň azaby
Human Rights Watch we “Serhetsiz reportýorlar” ýaly guramalar Türkmenistan, Eritreýa we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, başga-da köp döwletde, şol sanda, meselem, Hytaýda, Russiýada, Eýranda erkin metbugata atylýan haýbatlar we howp astyndaky žurnalistler barada habar berýär.
Keç ykbala duçar bolan erkin metbugat wekillerinden saud arabystanly žurnalist Jamal Haşoggi (Kaşukçy) hemmäňiziň ýadyňyzdadyr!
2018-nji ýylyň oktýabrynda dokument işi bilen Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soňra, hatda jesedi hem tapylmadyk arap žurnalisti Jamal Haşogginiň öldürilmeginiň aňyrsynda häkimiýetleriň eliniň bardygy subut edildi.
Degişli maglumat Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (1-nji bölüm)“Meniň günüm köp halatda agyr geçýär, sebäbi adamlar bilen açyk gürleşmäge mümkinçilik galmady diýen ýaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy gürrüňe dowam edýär.
Ol özüniň dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinde, Türkmenistanda nädip maglumat alyşy, nädip maglumat yzarlaýyşy barada jikme-jik ýazmaça gürrüň berdi. Biz habarçylarymyzyň iş ýörediş tär-tilsimini bu ýerde paş edip, ýagdaýy kynlaşdyrmakçy däl, ýöne olaryň nähili şertlerde habar ýygnaýandygyny bilmek köpler üçin gyzyklydyr.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna durýan adamlar bilen bile nobata durýar, bankomatdan pul çekmek üçin garaşýan adamlaryň arasyna girýär, nobata durýar, öz sözlerine görä, habar berýän kynçylyklaryny hut özi başdan geçirýär.
Onuň aýtmagyna görä, bir maglumaty iki adama tassyklatmak üçin ygtybarly adam gözleýär.
“Şondan soň aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirip bolýar” diýip, habarçy aýdýar.
Habar
Azatlyk Radiosynyň ýurt içinde häkimiýetleriň basyşlary sebäpli ýaşyryn hereket edýän bir gysym habarçysy Türkmenistanda dowam edýän ykdysady problemalar, şol sanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly kynçylyklary; döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýetmezçiligi; subsidirlenen azyk önümleriniň paýlanylmagynda ýüze çykýan problemalar; ýurtda dowam edýän nagt ýetmezçiligi; adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary; şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, meselem, aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmegi; hususy söwda nokatlarynda bahalaryň aşa gymmatlamagy; maliýe kynçylyklary; walýutanyň gara bazarynda milli puluň ep-esli hümmetsizlenmegi; häkimiýetleriň bar bolan problemalar boýunça ilata çykalga hödürlemekde goýberýän kemçilikleri; galyberse-de, sosial problemalar, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň basgylanmagy; ilat arasynda döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän azyk nobatlarynda ýüze çykýan dawa-jenjeller; jemgyýetde sazlaşygyň bozulmagy; sosial adalata bolan ynamsyzlyk; giň ýaýran para-bermit; adamlarda döwlet institutlaryna bolan ynamyň synmagy; polisiýa we howpsuzlyk güýçleriniň eden-etdiligi; şeýle-de, häkimiýetleriň önümçilikde mejbury zähmetden peýdalanmagy; saglyk we bilim pudagyndaky nogsanlyklar; pandemiýanyň äsgerilmezligi; häkimiýetleriň raýatlardan, hususan-da býujet işgärlerinden dilden görkezme esasynda yzygiderli pul ýygnamagy; mejbury köpçülik çäreleri; oba hojalyk pudagynda bar bolan problemalar; kärendeçi daýhanlaryň dökün, tehnika we suw ýetmezçiligi; hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikler; şäher infrastrukturalarynyň kemçilikleri; ýyladyş ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar; sebitlerde wagtal-wagtal ýüze çykýan köpçülikleýin nägilelikler; raýatlaryň syýasy durmuşdan üzňe saklanylmagy; erkin we adalatsyz saýlawlar; ilatyň ýaşaýyş jaý problemalary; ulag we aragatnaşyk pudaklarynda ýol berilýän kemçilikler... ýaly dürli ugurlar boýunça yzygiderli habar berýärler.
Häkimiýetleriň çekinýän sözlerini belentden ýaňlandyrmagyň bahasy bar diýdik. Bu baha dürli formada özüni görkezýär.
Habarçynyň sözlerine görä, ilat arasynda gorky faktory höküm ýöredýär. Häkimiýetleriň basyşlary bilen hyjuwlary jylawlanýan adamlar tankytdan, artykmaç gep-gürrüňden gaça durýar.
Gorky
“Häkimiýetlerden gorkmaýan adamlar bilen deňeşdirilende häkimiýetlerden gorkýan adamlaryň sany agdyklyk edýär” diýip, habarçy ilat arasynda seresaplylyk bilen geçiren pikir soraşygyna salgylanýar.
“Biziň ýurdumyzda söz azatlygy asla ýok, adamlar gorkýar. Söz azatlygyny talap edýän adamlar ‘gara sanawa’ girizilýär. Olaryň maşgala agzalarynyň telefonlary diňlenýär. Olar häkimiýetler tarapyndan yzygiderli yzarlanýar. Şeýdip, adamlaryň ruhy saglygyna zeper ýetýär” diýip, habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmenistanly aýdýar.
Şunça jebir-jepa, şunça yzarlamalara garamazdan, kimdir biri näme sebäpden Türkmenistanda iň bir çetledilýän kärleriň birini, erkin žurnalistikany saýlap biler?!
Azatlyk Radiosynyň habarçylary üçin munuň hem özüne ýeterlik sebäbi bar.
Arzuw
“Diýdimzorlygyň soňlanmagy üçin, çagalarymyzyň geljegi üçin, olar geljekde arkaýyn öz ýollaryny saýlar ýaly, olar öz pikirlerini gorkman aýdar ýaly, demokratiýanyň ýasama ýurdunda däl-de, hakykyky demokratiýa bilen dolandyrylýan ýurtda ýaşamak üçin, azat-erkin durmuşda ýaşamak üçin şu ýoly saýlap aldym” diýip, Azatlygyň žurnalisti öz ideallaryny sanaýar.
“Çagalarymyzyň geljegi üçin biziň hereket etmegimiz gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Synçylara görä, türkmen jemgyýetinde onsuz hem erkin sözüň çäklendirilmegi, il gorkusy şahsy saýlaw-seçginiň, indiwidual durmuşyň erkinliginiň öňüni baglaýar. Kollektiw hereketlerden ýaňa şahsyýet jemgyýetiň içinde eräp, özboluşlylygyny, özboluşly ukyplaryny ýitirýär; üstesine, Sowet Soýuzynyň irki ýyllarynda adamlara häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin sütem edilmegi, režimiň basyşlary, häkimiýetleriň eden-etdilikli hereketlerini tas kada öwürdi diýen ýaly.
“Ýasama durmuşda däl-de, hakykatdan hem bagtly durmuşda, azat durmuşda ýaşamagy gazanmak üçin şu ýoly saýladym” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy dowam edýär.
Gural
Media serişdeleri ýeri gelende jemgyýetiň temperaturasyny barlaýan gural diýilse öte geçildigi bolmaz.
Ozal hem belleýşimiz ýaly, habarçy gündelik durmuşda il bilen garylyp gatylýar, nobatlarda garaşýar, köpçülik transport serişdelerinde adamlar bilen gürrüňdeş bolýar, söwda nokatlarynda alyjylary we satyjylary diňleýär.
Ýöne erkin metbugaty oňlamaýan häkimiýet wekilleri gol gowşuryp keseden seredip durmaýarlar. Habarçynyň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk işgärleri dükan nobatlaryna we beýleki ýerlere raýat eşiginde öz adamlaryny ýerleşdirýärler, azat maglumatyň syzyp çykmagynyň öňüni almak üçin çäre görýärler.
Häkimiýetler azyk ýetmezçiligine we beýleki kemçiliklere nägilelik bildirýän adamlary soraga çekýärler, olary türme haýbaty bilen gorkuzýarlar.
“Ýurtda bolup geçýän zatlaryň syzyp çykmazlygyny gazanmak üçin howpsuzlyk işgärleri käwagt köne geýim geýip, nobatlarda garaşýarlar we nobatlara özlerinden başga-da şugul ýerleşdirýärler. Nobatlaryň daşynda bolsa, polisiýa garaşýar. Eger-de kimdir biri hökümediň ýönekeý raýatlara adalatsyz çemeleşýändigini gürrüň etse, ýa-da işsizlikden söz açsa, onda ol adamy käwagt polisiýa bölümine äkidip, soraga çekýärler, güýç görkezýärler” diýip, habarçy aýdýar.
Ýöne habarçy soňky alty aý töweregi wagt bäri adamlaryň arasynda nähilidir bir batyrgaýlygyň ýa-da gorkusyzlygyň peýda bolandygyny, ýeri gelende adamlaryň köpçülik bolup döwlet dükanlaryndaky un, çörek ýetmezçiligi ýaly problemalar boýunça häkimiýetlere arz-şikaýat bildirip başlandyklaryny gürrüň berýär.
Ykbal
Ikinji habarçy özüniň žurnalist kärini ykbal hasaplaýar. Ol haçan-da öz berýän habarlary ilatyň durmuşyna oňyn täsir edende, haýsydyr bir çözülmeýän mesele çözülende, özüniň aýratyn lezzet alýandygyny aýdýar.
“Bir gezek adamlaryň aýlyklarynyň gijikdirilmegi barada habar berdim. Şondan soň aýlyklar berildi. Men muňa juda begendim” diýip, ikinji habarçy aýdýar.
Ýöne ol ösen tehnologiýalar bilen aragatnaşyk ulgamlarynyň yzarlanylmagyndan hem-de köçelerdäki kameralardan howatyr edýär.
“Dogruçyllyk we seresaplylyk köp belany sowýar” diýip, ol aýdýar.
Degişli maglumat Serhetsiz reportýorlar: Türkmenistan – dyngysyz giňeýän “gara girdap”Ýöne ozalky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetlerden az azar görmedi.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky öňki habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň tomsunda, hamala ýanyndan ýurtda gadagan edilen neşeli derman çykandygy üçin saklanyp, soňra ýapyk sudda üç ýyl azatlykdan mahrum edildi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar onuň galp aýyplamalar bilen žurnalistik işi üçin tussag edilendigini aýtdy.
Nepesgulyýew 2018-nji ýylyň maýynda türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy.
Tanymal türkmen žurnalisti, Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Soltan Açylowa ençeme gezek türkmen häkimiýetleriniň basyşlaryna we hüjümlerine sezewar boldy. Žurnaliste we onuň ýakynlaryna ölüm haýbatlary atyldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary Soltan Açylowanyň we beýleki habarçylarynyň yzarlanmagy sebäpli türkmen häkimiýetlerini tankytlap ençeme gezek çykyş etdi.
Garaşsyz žurnalist geçen ýanwarda adam hukuklary boýunça halkara Martin Ennals baýragynyň finalisti boldy.
2016-njy ýylyň dekabrynda Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy, Hudaýberdi Allaşow häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar boldy.
Azatlygyň ýene bir habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow özüniň žurnalistik işi boýunça 2013-nji ýylda häkimiýetler tarapyndan basyşlara sezewar boldy.
2006-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Muradowa galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda iki sagat dowam eden sud diňlenişiginden soň, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we bir aý çemesi soň, gümürtik ýagdaýda tussaglykda aradan çykdy.
Geçen dekabrda ABŞ-nyň Global Media agentligi Youtube kanalynda Azatlygyň türkmen türmesinde ýogalan habarçysy Ogulsapar Myradowa barada gürrüň berýän wideo maglumat çap etdi.
Türkmenistan düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň metbugat azatlygy boýunça hasabatlarynda 2021-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdan üçünji, 2020-nji ýylda yzdan ikinji orny eýeledi. Media gözegçisi 2019-njy ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistany metbugat azatlygynda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunda ýerleşdirdi.
Ýerli garaşsyz žurnalistler Türkmenistanyň döwlet mediasynyň diňe prezidenti butlaşdyrmak we dolandyryjy gatlaga gulluk etmek üçin işleýändigini aýdýarlar.
Dünýäde Internet mümkinçilikleriniň umuman giňelmegi belli bir derejede Türkmenistana-da täsir etdi, ýöne, halkara hasabatalarda-da aýdylyşy ýaly, Internet ýurt içinde berk çäklendirilýär we maglumat berk senzuradan geçirilýär.
Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri YouTube, Facebook, Instagram, Twitter ýaly sosial ulgamlary WhatsApp, Telegram, Viber ýaly messenjerleri petikli saklaýar.
Döwlet media serişdeleri ýurtda diňe döwlet syýasatyny wagyz etmek we gazanylandygyny aýdylýan ösüşleri wasp etmek bilen borçlandyrylýar.
Syýasy sowatlylyk
Erkin metbugat syýasy sowatlylygyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Ýöne hökümet tankytçylaryna görä, türkmen hökümeti raýatlary syýasy sowatlylykdan mümkin boldugyça üzňe saklaýar.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtda ykdysady şertleriň barha erbetleşmegi, syýasy giňişligiň barha gysylmagy bilen ýurt raýatlary esasan eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn etdi.
Daşary ýurtlaryň syýasy giňişlikleri bilen tanyş bolan türkmen migrantlary soňky ýyllarda syýasy işjeňlik gazanyp başlady.
Syýasy sowatlylyk babatynda emele gelen potensialy aýawly saklamak üçin, synçylar, medianyň, şol sanda sosial medianyň, erkin metbugatyň ähmiýetine üns çekýärler hem-de syýasy işjeňlik gazanýan raýatlar üçin media platformalarynyň döredilmegini goldap çykyş edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.