Türkmenistanyň prezidenti hytaýly kärdeşi bilen telefonda gürleşdi

Gurbanguly Berdimuhamedow. TDH-nyň fotosuraty

Türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen telefonda gürleşip, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşandygyny habar berýär.

Şeýle-de taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Nebit-gaz ulgamy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Habarda bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylandygy, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üstünlikli işleýändigi bellenilýär.

Türkmen prezidentiniň golaýda geçiren hökümet mejlislerinde boýun almagyna görä, Türkmenistan Hytaýdan 8 milliard dollardan gowrak karz aldy.

Emma hytaý tarapy Aşgabatdan alýan gazynyň möçberi baradaky sanlary çap etse-de, türkmen tarapy satýan gazynyň nyrhyny, alýan girdejilerini we bergi-borç ýagdaýlaryny ýaşyryn saklaýar.

Daşary ýurt karzlaryna gurlan desgalaryň doly taslama kuwwatynda işlemezligi bilen, hökümet tankytçylary Aşgabadyň bergä batandygyny öňe sürýärler.