Azyk gytçylygy dogumlanýar, çäklendirilen importuň ornuny tutmaly önümler nirede?

Lebapdan gelen soňky maglumatlar hem azyk gytçylygynyň barha dogumlanýandygyny görkezýär.

Çörek nobatynda adamlaryň itekleşmegi, sögüşmekleri adaty zat, dükan açylanda edil ýer süýşen ýaly bolýar, uly goh, galmagal turýar, çörek az, çörek aljak bolsa gaty kän diýip, bir ýaşaýjy çörek alanlaryň sag-aman yzyna çyksa kaýyl bolýandygyny, köp adamyň bolsa çöreksiz galýandygyny gürrüň berdi.

Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi baradaky resmi habarlara garamazdan, türkmenistanlylaryň azyk kynçylyklary barada gelýän howsalaly maglumatlaryň yzy kesilmeýär.

Marynyň döwlet dükanlarynda ilata elýeterli bahadan her aýda berilýän harytlaryň tasdan hiç biri galmady, ol ýerde indi diňe iri duz bar, onuň bahasy hususy dükanlardakydan bir manat arzan diýip, ýerli habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hususy dükanlarda duzuň 1 kilogramy 3 manat, döwlet dükanlarynda duz 2 manatdan satylýar, beýleki harytlaryň bahalary hususy dükanlardaky nyrhlar bilen deňleşdi.

Degişli maglumat Ýapyk dükanlarda azyk gytçylygy, "gizlin" nobatlar, tussag etmeler, häkimiýetleriň dymmagy. Türkmenistanda näme bolýar?

Şeýlelikde, iň pes sortly bürünç, dürli şerbet önümleri, sogan, kartoşka we şulara meňzeş beýleki azyk önümleri döwlet dükanlarynda hem hususy dükanlardaky bahalardan satylýar, olary şol dükana jogap berýän işgärler satýar.

Dükanlary daşyndan ýa içinden synlasaň, hamala, satuwda tas ähli zat bar ýaly edilip goýlan, bu azyk gytçylygy barada çykýan habarlary bolmanda görnüşde ýalana çykarmaga synanyşyk edilýändigini aňladýar diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Baýramaly etrabyna degişli obalaryň ýaşaýjylary aýlyk "paýok harytlaryny" indi birnäçe aý bäri alyp bilmeýändiklerini, olardan diňe birnäçe aý öň "un we pagta çigidinden alnan ösümlik ýagyny alyp görendiklerini" gürrüň berdiler.

"Şu ýyla geçip, diňe 1,5 litr pagta ýagyny alyp gördüm, ýöne olam hemme hojalyga ýetmedi" diýip, radionyň bir söhbetdeşi bu ýagyň gapdaly bilen wagty geçen "wafli" almaly bolandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, oba adamlarynyň sözlerine görä, şäher bilen obanyň arasynda hatda çörek meselesinde hem deňlik ýok, "gowaça hem bugdaý ekýän daýhanlara Baýramaly şäherinde hepdede iki gezek 1 manatdan satylýan iki çörek hem berlenok".

Aýdylmagyna görä, Baýramaly şäherinde adam başyna hepdede iki gezek berilýän iki çöregi aljak bolup, ýaşaýjylar ir sagat 6-da açyljak dükanyň agzynda gije sagat 2-de nobata durup başlaýar.

Ýöne bu çörek hem bir sagada ýetmän gutarýar, köp adama ýetmeýär diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.

Çörek nobatynda adamlaryň itekleşmegi, sögüşmekleri adaty zat, dükan açylanda edil ýer süýşen ýaly bolýar, uly goh, galmagal turýar, çörek az, çörek aljak bolsa gaty kän diýip, bir ýaşaýjy çörek alanlaryň sag-aman yzyna çyksa kaýyl bolýandygyny, köp adamyň bolsa çöreksiz galýandygyny belledi.

Degişli maglumat Ilat nobatlara girizilen gadaganlygy äsgermezlik edýär, polisiýadan boýun bolmadyklary saklamak talap edilýär

Kähalatda alan çöregiň iýer ýaly däl, "gaty ysly, turşy tagamly, ýa-da ýarym-ýalta bişirilen bolýar" diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Satylýan çöregiň hili barada aýdylýanlary Mary şäheriniň ýaşaýjylary hem tassyk etdi. Ýöne Mary şäherinde, Baýramaly we beýleki etrap merkezleri bilen deňeşdirilende, adam başyna 2 manatdan berilýän 5 kg un, 20 manatdan berilýän 1 litr günebakar ýagy, 200 gram şeker ýanwar aýynda 'paýok" hökmünde berlipdir diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, Mary şäheriniň ýaşaýjylary, etrap ýaşaýjylaryndan tapawutlylykda, günde 70 teňňeden satylýan buhanka çöregini satyn alyp bilýär, ýöne ol çörek hemme döwlet dükanynda däl, nobatlaryň göze ilmejek ýerlerinde, köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşen dükanlaryň ýeňse gapylaryndan satylýar diýip, Marydan gelen habarda aýdylýar.

Ýurtdaky azyk gytçylygydollaryň gara bazardaky nyrhlary bilen el-ele berip ösýär, bazarlardaky harytlary dollaryň ýokarlanan nyrhyndan satýarlar; eger dollaryň nyrhy biraz peselse-de, harytlaryň nyrhy üýtgemeýär, ýöne dollaryň nyrhy sähel ýokary galsa, harytlaryň bahasy hem derrew ýokarlanýar.

Şu günler 1 kg et 75 manat, günebakar ýagy 32 manat, 1 kg şeker 35 manat, 1 kg gazak uny 20 manat, towuk budy 50 manat, arassalaýjy serişdeler bolsa, firmalaryna göra, iň arzan görnüşli sabynlar 10 manatdan ýokarda bahalanýar, köp adam Baýramalynyň kir sabynyny ulanýar, iň arzan kir paraşoklary, firmalaryna görä, 30-80 manat aralygynda bahalanýar diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda Lebapdan gelen soňky maglumatlar hem azyk gytçylygynyň barha dogumlanýandygyny görkezýär.

Bu sebitde häzir süňkli, öýken, garyn goşulan etiň kilogramy 80 manat bahalanýar, ýumurtga, günebakar ýagy, süýt gytalyp başlady pomidor 15-25 manat aralygynda bahalanýar, döwlet dükanlarynda üç aýdyr "paýok un, ýag" berilmeýär diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar 

Bazarda 1 litr arassalanmadyk pagta ýagy 55-60 manat aralygynda bahalanýar, anonimlik şertinde gürleşen telekeçiniň sözlerine görä, bu gytçylyk günebakar ýagynyň daşardan getirilmegine girizilen çäklendirmeler bilen bagly.

"Häzir diňe Azerbaýjandan we Gazagystandan çäkli möçberde ösümlik ýagyny getirmek rugsady berilýär, Orsýetden, Ukrainadan we Belarusdan ýag, şeker önümlerini getirmek wagtlaýyn çäklendirildi" diýip, Azatlyk bilen gürleşen lebaply telekeçi aýtdy.

Redaksiýa bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi. Resmi habarlara görä, Türkmenistan importy azaldyp, eksport edilýän harytlary köpeltmek ugrunda göreşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.