Türkmen, gyrgyz baş diplomatlary gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaýlary maslahat etdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň gyrgyzystanly kärdeşi Ruslan Kazakbaýew bilen gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaýlary maslahat etdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda 4-nji maýda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Kazakbaýew özüniň türkmen kärdeşini 28-30-njy aprel aralygynda Täjigistan bilen dawaly serhet ýakasynda ýüze çykan çaknyşyk we ýurduň Batken regionyndaky häzirki ýagdaýlar barada habarly edipdir.

Meredow çaknyşyklarda heläk bolan gyrgyz raýatlarynyň ýakynlaryna çuňňur gynanç bildiripdir, şeýle-de Türkmenistanyň Gyrgyzystanyň serhet ýakasyndaky ýagdaýlary içgin yzarlaýandygyny aýdypdyr.

Türkmen baş diplomaty Gyrgyzystanyň gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça tagallalaryny hem gowy garşylapdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu söhbetdeşlik boýunça çap eden beýanatynda gyrgyz-täjik serhedi bilen bagly ýagdaýlar düýbünden agzalmaýar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda köp sanly serhet sebitleri jedellidir. Taraplaryň arasynda ençeme gezek ganly atyşyk wakalary boldy.