Türkiýäniň Stambul şäherinde azerbaýjanly oppozisiýa aktiwisti Baýram Mämmedow näbelli ýagdaýlarda öli tapyldy. Munuň bilen bagly türk polisiýasy jenaýat işini açdy.
Mämmedowyň ýakynlarynyň 4-nji maýda sosial ulgamlarynda ýerleşdiren maglumatyna görä, Azerbaýjanyň oppozision NIDA ýaşlar jemgyýetiniň agzasynyň jesedi mundan iki gün öň “deňizde tapylypdyr”.
2016-njy ýylyň maýynda Mämmedow ýene bir demokratik aktiwist bilen Azerbaýjanyň ozalky prezidenti we ýurduň häzirki ýurtbaştutanynyň kakasy Geýdar Alyýewiň Bakuwdaky monumentiniň ýüzünde “Gulçulyk günüňiz gutly bolsun” diýen ýazgyny ýazyp, üns merkezine düşüpdi.
Aktiwistleriň ikisi-de neşe gaçakçylygy aýyplamalary esasynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olar özlerine bildirilen aýyplamalary ret etdiler. Mämmedow özüniň gynalandygyny hem aýtdy.
Amnesty International guramasy aktiwistlere bildirilen aýyplamalaryň syýasy äheňli toslama bolandygyny aýdyp, olary wyždan ýesirleri hökmünde ykrar etdi.
2019-njy ýylyň martynda Mämmedow beýleki 400 tussag bilen birlikde prezident Ylham Alyýewiň yglan eden amnistiýasynyň çäginde azatlyga çykdy.