Gyrgyzystan we Täjigistan ýaragly çaknyşyklardan soň harbylaryny serhetden yza çekdi

Täjik – gyrgyz serhedindäki Hojai Alo obasy, Isfara etraby, 2-nji maý, 2021

Gyrgyzystan we Täjigistan geçen hepde bolup geçen ganly çaknyşyklardan soň harby bölümlerini serhetden çykarmagyny tamamladylar. Bu barada Gyrgyzystanyň serhet gullugy 3-nji maýda habar berdi.

Merkezi Aziýanyň iki goňşusynyň milli howpsuzlyk baştutanlary krizis boýunça 1-nji maýda geçiren duşuşygynda goşunlary yza çekmek barada ylalaşdylar.

Gyrgyz serhet gullugy harby bölümleriň yza çekilmeginden soň sebitdäki ýagdaýyň asuda we durnuklydygyny aýtdy.

"Taraplar goşmaça harby bölümleriň we enjamlaryň serhetden çykarylmagyny tamamladylar ... Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goranyş desgalarynyň ofiserlerinden ybarat bilelikdäki harby komissiýa goşmaça harby güýçleriň we enjamlaryň galdyran ýerlerini barlamagy dowam etdirýär" diýlip, serhet gullugynyň beýanynda aýdylýar.

2-nji maýda Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Saimumin Ýatimow Gyrgyzystanyň içindäki Woruh anklawyna baryp görende Täjigistanyň harby güýçleriniň serhetden çykarylandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan 28-29-njy aprelde bolan çaknyşyklarda 34 gyrgyz raýatynyň ölendigini, 178 adamyň ýaralanandygyny we 50 000 adamyň sebitden gaçandygyny habar berdi.

Täjigistanyň häkimiýetleri ölenleriň sany barada entek maglumat bermedi.