Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (1-nji bölüm)

Türkmenistanda çap edilýän gazet-žurnallar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany 3-nji maý - Bütindünýä metbugat azatlygy gününe bagyşlanýar.

3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni. Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda ýyllarboýy yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär, köplenç yzdaky üç setirde orun alýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan wagtal-wagtal iň yzdaky orun üçin "bäsleşikde" Demirgazyk Koreýa bilen gezekleşýär.

Dünýäde media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň iň soňky metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan we Eritreýadan soň yzdan üçünji orny eýeledi, geçen 2020-nji ýylda bolsa, Demirgazyk Koreýadan soň iň yzdan ikinji orny eýeledi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Bütindünýä metbugat azatlygy güni: Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy

Bu ýyl “ösüş” bar, ýöne ol “ösüşiň” göze dürtülip duran alamatlary, köplere görä, göze ilmeýär. Ösüş diýlende, Türkmenistanda metbugat azatlygy bary-ýogy bir setir öňegidişlik gazandy. Onsuz hem ýylyň-ýylyna üç ýurt – Demirgazyk Koreýa, Türkmenistan, Eritreýa soňky orunlar üçin öz aralarynda bäsleşýär.

Türkmen auditoriýasy, belki-de, Eritreýa diýen döwletiň adyny her ýyl metbugat azatlygy boýunça hasabat çap edilende eşidýändir. Eritreýa Afrikada ýerleşýän bir ýurt. Türkmenistan bilen Eritreýadaky käbir ýagdaýlara ýakyndan syn edilse, iki ýurduň arasynda käbir meňzeşlikler ýok däl.

Meselem, iki ýurtda-da häkimiýetler ynsan hukuklaryny, şol sanda söz-beýan azatlygyny, metbugat azatlygyny, pikir azatlygyny gödek bozmakda halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýyllarboýy tankyt edilýär. Iki ýurduň arasynda ynsan hukuklary bilen baglanyşykly meňzeşliklerden başga-da birek-birege çalymdaş käbir ugurlar bar. Geň tötänlik, meselem, iki ýurt hem 1991-nji ýylda “de fakto garaşsyzlyk” gazandy (ýöne bir topar eritreýaly garaşsyzlyk üçin göreşdi, ýurduň garaşsyzlygy 93-nji ýylda ykrar edildi – red). Iki ýurta-da häkimiýetler ilat sanynyň 6 milliondan gowrakdygyny aýdýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany, elbetde, Eritreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky meňzeşlikler barada däl. Gepleşigiň bu sany Bütindünýä metbugat azatlygy gününde Türkmenistanda erkin metbugatyň gözgyna ýagdaýyna ser salýar.

"Dyngysyz giňeýän gara girdap"

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy öz hasabatlarynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýyny “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirýär.

Asman jisimleriniň arasynda gara köwler adamlar üçin ullakan syr. Älem giňişligindäki gara girdaplarda bolup geçýän hadysalar iňňän ösen tehnologiýalara eýe bolan adamzat üçin heniz hem mälim däl.

“Serhetsiz reportýorlaryň” gara girdap meňzetmesi, belki-de, ýöne ýerden däldir. Sebäbi, türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynda bolup geçýän wakalar, halkyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýurduň ykdysady şertleri, bazarlarda bahalaryň aşa ýokarlanmagy, ýurtda azyk üpjünçiliginiň gözgyny ýagdaýy, ir säher oýanyp, döwlet dükanynda çörek satyn almak üçin nobata durýan erkek we aýal adamlar, bankomatlardan nagt pul çekmek üçin uzyn nobatlarda garaşmaga mejbur bolýan raýatlar barada daşary ýurtlarda az adam bilýändir.

Degişli maglumat Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi

Halkara media serişdeleri türkmenistanlylaryň gündelik durmuşy barada kän bir habar berip duranoklar. Häzirki döwürde her ýurduň öz aladasy özüne ýetik. Bir tarapda tutuş dünýäde serhetleri ykrar etmeýän ýokanç wirus, beýleki tarapda wirusyň öňüne almak üçin girizilen çäklendirmelerden ejir çekýän ykdysadyýetler köplerde alada döredýär. Ýöne wirusdan ozal hem ýapyk Türkmenistanda üns merkezine çekilmeýärdi.

Halkara metbugatda, şol sanda iri neşirlerde, haçan-da Türkmenistanda altyn çaýylan bir it heýkeli açylsa, ýa döwlet baştutany eline gitara alyp aýdym aýtsa, ok atsa, ýa tigir sürse, şonda biraz Türkmenistanyň ady tutulýar. Ondan daşary, dünýä maglumat giňişliginde ýurduň ady kän bir tutulyp baranok.

Türkmenistanyň öz içinde welin, hamala, türkmen hökümetiniň halkara abraýynyň dabarasy dag aşýar. Hamala, türkmen halky “bagtyýar we berkarar” zamanada, bolelin durmuşda, ata-babalaryň gije-gündiz arzuw edip, hasratyny çeken altyn asyrynda ýaşaýar. Munuň şeýledigini döwletiň berk gözegçiligi astyndaky media serişdeleri tas her gün diýen ýaly tekrarlaýar. Ýurt içinde türkmen dilinde gepleşik berýän mawy ekranda tas her gün diýen ýaly diňe bagtyýarlyk zamanasy wasp edilýär, Arkadaga şöhrat sesleri ýaňlanýar, kanagatly raýatlaryň diňe minnetdarlyk sözleri, hamala, at owazasy dünýä dolan berkarar ýurduň bagtyýar raýatlarynyň telwas urýan ýürek buýsançlary yzygiderli ýagdaýda her gün ertirden agşama çenli dyngysyz tomaşaçylara eşitdirilýär.

Metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň gözgyny ýurdunda ykdysady, syýasy we sosial problemalara üns çekýän ýekeje-de gepleşik döwlet mediasynda tomaşaçylara ýetirilmeýär.

Alternatiw habarlar

Metbugat azatlygynyň berk çäklendirilmegi sebäpli halkyň, il-günüň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklaryny, halkyň sesini eşitdirýän garaşsyz media serişdeleri bolsa berk çäklendirmeleriň arasynda döwletiň “gülala-güllük” wagzyna alternatiwa hödürleýär.

Şol garaşsyz media serişdeleriniň biri hem Azatlyk Radiosydyr. Aslynda, Azatlyk Radiosy dünýäde Türkmenistan barada türkmen dilinde garaşsyz gepleşik berýän ýeke-täk media guramasydyr.

Radionyň bir gysym habarçysy ýurt içinde, örän çylşyrymly şertlerde, häkimiýetleriň berk göz gabawynyň astynda halkyň sesini halka eşitdirmek üçin jan edýär.

Çäji harpykdan aýyrmak üns we hüşgärlik talap edýär. Eýsem, resmi maglumat giňişliginde aýdylmaýan zatlary aýtmak üçin, döwlet mediasynda “tabu” hasaplanýan tankydy garaýyşlary beýan etmek üçin nähili üşük we tejribe gerek?

Bütindünýä metbugat azatlygy gününde Azatlyk Radiosynyň habarçylary dünýäde metbugat azatlygy iň berk çäklendirilýän ýurtlaryň birinde, Türkmenistanda, döwletden garaşsyz habar yzarlamagyň aýratynlyklary barada Dünýä Türkmenlerine ýazmaça gürrüň berdiler:

“Men heniz ýaş ýetginjek wagtym atam pahyr radio diňlärdi. Ol hemişe radionyň tolkunlaryny Azatlyk Radiosyna düzüp goýardy. Berilýän habarlary üns bilen diňlärdi. Her gün Azatlyk diňlemek meniň üçin hem däbe öwrülip gitdi. Atam pahyr bilen oturyp beýleki welaýatlarda bolup geçýän wakalary radiodan diňlärdik. Käteler atam oturan ýerinde hökümet ýolbaşçylaryna gahar ederdi. Men ony üns bilen synlardym. Ol daşarda tankydy pikirlerini aç-açan aýdyp bilmezdi. Şonuň üçin hem men öz pikirlerini aç-açan aýtmakdan gorkýan adamlaryň sesini we derdini eşitdirmek üçin habarçy bolasym geldi” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy gürrüň berýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ‘media diňe prezidenti butlaşdyrmak we dolandyryjy gatlaga gulluk etmek üçin işleýär’

Ýöne ýapyk jemgyýetiň daşyna halk sesini we dürli pikirli garaýyşy eşitdirmegiň hem öz bahasy bar. Dürli pikirlilikden heder edýän häkimiýetleriň yzygiderli yzarlamalary, olaryň üznüksiz göz gabawy, dürli basyşlar Türkmenistanyň içinde erkinlige tarapdar habarçy bolmagyň güzaplarynyň diňe käbirleridir.

Azat habarçynyň kärini diňe bir häkimiýetler däl, eýsem, ýapyk jemgyýetiň çetin kadalary hem erkin maglumat akymynyň ýola goýulmagyny kynlaşdyrýar.

“Bir ýerde bir hadysa bolsa, wakanyň bolan ýerine baryp, adamlara arkaýyn sorag berip bolmaýar. Ýa-da bolup duran wakany wideo düşürip bolmaýar, surata alyp bolmaýar. Eger-de kimdir birinde tötänden sorag berseň, onda köplenç ol adam beren soragyňa jogap bermekden saklanýar” diýip, habarçy munuň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüňe dowam edýär.

“Sebäbi, islendik wakanyň bolýan ýerine ilki bilen milli howpsuzlyk işgärleri baryp, wideo düşürýän adamlary, ýa-da surata alýan adamlary gözleýärler” diýip, ol aýtdy.

Ikinji habarçynyň çaklamalaryna görä, habarçylaryň aragatnaşyk serişdeleri “ýokardan” yzarlanýar, olaryň geolokasiýasy barlanýar.

Halkara hasabatlarda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri berk gözegçilik astyndadyr.

“Hökümet ähli media serişdelerine gözegçilik edýär. Örän az sanly Internet ulanyjysy diňe berk senzuradan geçirilýän Internetden peýdalanyp bilýärler” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” soňky hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdýar.

Türkmenistanyň ýeke-täk Internet üpjünçisi “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasydyr.

Internet tory tutuş dünýäde maglumat akymynyň kadaly we çalt ýola goýulmagy üçin giň mümkinçilik döretdi. Ýöne, halkara hasabatlarda-da aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda Internet köp adam üçin elýeterli däl. Internet elýeterli bolan halatynda-da ýurduň aragatnaşyk damarlarynda erkin maglumatyň hereketi berk çäklendirilýär.

Metbugata berk gözegçiligiň "peýdalary"

Ýurtdaky berk maglumat gözegçiligi islendik hadysa boýunça häkimiýetleriň diňe öz wersiýalaryny öňe sürmegine mümkinçilik döredýär.

Meselem, 2020-nji ýylyň başlaryndan bäri tutuş dünýäni koronawirus pandemiýasy agdar düňder etdi. 150 milliondan gowrak adama kesel ýokaşdy. 3 milliondan gowrak adam koronawirus keseli bilen aradan çykdy. Ýöne türkmen häkimiýetlerine görä, Türkmenistanda hiç hili wirus hadysasy hasaba alynmady. Döwlet mediasy koronawirus habarlaryndan gaça durdy. Ýurtda berk gözegçilik astyndaky maglumat giňişligi häkimiýetleriň koronawirus boýunça diňe öz wersiýalaryny öňe sürmeklerine ýardam etdi.

“Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biridir we Demirgazyk Koreýany hasaba goşmanda, özünde COVID-19 hadysasyny ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” ýazýar.

Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde 25-30 töweregi gazet-žurnal, ýedi sany telekanal we ýene bir topar radio kanal hereket edýär. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) gözegçiliginde “Türkmenistan: Şu gün” we “Türkmenistan: Altyn asyr” habar web-saýtlary hereket edýär.

Media guramalarynyň ýolbaşçylary prezident tarapyndan wezipä bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet baştutany derejesinde metbugat serişdelerinden, şol sanda gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan we beýleki media guramalarynyň başlyklaryndan Türkmenistanda gazanyldy diýilýän ösüşleri wasp etmek we wagyz etmek yzygiderli talap edilýär.

“[Türkmenistanyň] telewideniýe we radiogepleşikler hakyndaky kanuny kagyz ýüzünde hususy telewizion kanallaryň açylmagyna rugsat berýär, ýöne munuň ýeke-täk şerti – olar “Türkmenistanyň pozitiw keşbini’ öňe sürmeli” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” aýdýar.

Metbugat azatlygy näme üçin gerek?

Garaşsyz metbugat demokratiýanyň mizemez sütünleriniň biridir. Türkmenistan, konstitusiýa görä, “demokratik, hukuk we dünýewi” döwletdir. Azat metbugat demokratiýanyň aýrylmaz şertidir.

Söz azatlygy Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda kepillendirilýär. Metbugat azatlygy syýasatçylaryň media işgärlerine eçilýän aýratyn hukugy däldir. Žurnalist öz işini berjaý etmek bilen raýatyň kanunlarda kepillendirilen söz azatlygy hukugyndan peýdalanýar.

Alymlaryň tassyklamagyna görä, asyrlar boýy diýdimzor häkimiýetler hakykaty, dogry sözi oňlamaýar. Erkin metbugat hakykaty we faktlary öňe sürýär. Gümürtiklik we ýapyklyk diýdimzorlyga mahsus aýratynlykdyr. Çäji harpykdan aýyrmak erkin we wyždanly metbugatyň borjudyr.

Has sadalaşdyrsak, aýdaly, meselem, bir adam beýleki bir adamy köseýär, oňa zulum edýär, basyş edýär. Ezilen hiç kime sesini eşitdirip bilmeýär, içine salýar. Zulumkeş ezilýäne sütem edýär, sistematik görnüşde sütem edýär, horlaýar. Ezilen derdini düşündirip bilmeýär. Zulum dowam edýär. Zulumy paş etmek üçin erkin söz gerek.

Ýa-da aýdaly, meselem, bir ogry gije-gündiz, ýatsa-tursa ogurlyk edýär, her pursatda goňşy-golamyň emlägini ogurlaýar, ile-güne azar baryny berýär. Ogrudan halas bolmak üçin meseläni aç-açan gozgamak we il-güni habarly etmek, telek işe çäre görülmegine ýardam bermek erkin metbugatyň wezipesidir.

Metbugat belki il-günüň wyždanydyr, habarçy halkyň sesidir. Iň bolmanda, bolmalysy şeýledir.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň işgärleri ýazgy edýär

Fransuz ýazyjysy Wolteniň (Voltair) erkin sözüň ähmiýeti barada aýdan bir meşhur sözi bar:

“Men siziň aýdýan zatlaryňyz bilen ylalaşman bilerin, ýöne siziň ony aýtmak hukugyňyzy, aňyrsynda ölüm hem bolsa, goraryn!” diýip, XVIII asyrda ýaşap geçen fransuz filosofy aýdýar.

Demokratiýanyň ösen jemgyýetlerinde erkin metbugat öz funksiýasyny ýerine ýetirýär. Adam hukuklaryny goraýjylar, aktiwistler erkin sözüň, erkin metbugatyň goragynda çykyş edýär.

Fransiýaly Wolteniň sözlerinde aktiwizm bark urýar. Erkin metbugat faktlaryň esasyda halallygyň we dogruçyllygyň tarapynda çykyş edýär.

Türkmenistanly erkin žurnalist ýurt içinde azat habaryň yzynda öz başdan geçiren wakalary barada gürrüňe dowam edýär:

“Bir maglumat almakçy bolsam, her baran ýerimde ilki seresaplylyk bilen sorag berip bolaýjak adam gözlemeli bolýaryn. Göni baryp, çem gelen adama sorag berip bolmaýar. Onuň häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýän bolmagy mümkin. Şonuň üçin köp halatlarda azyndan 3-4 sagatlap, diňe synlap durmaly bolýar. Käwagt ondan hem köp wagt gidýär. Kämahal bolsa, asla maglumat alyp bilmän gaýdýan wagtlarym hem bolýar” diýip, habarçy gürrüň berýär.

Degişli maglumat F.Tuhbatullin: Türkmen mediasy habardar etmäge däl, azaşdyrmaga gönükdirilen

Näme üçin Türkmenistanda adamlara sorag bermek howply?

Munuň hem özüne ýeterlik sebäpleri bar.

Meselem, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistanda raýatlaryň hökümeti tankytlamagy häkimiýetler tarapyndan “watana dönüklik derejesinde” kabul edilip bilinýär, hatda hökümeti tankytlan adamlar azatlykdan mahrum edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz galýar.

Tankyt ýok ýerde ösüş gümana. Ýöne ýasama gülala-güllük wagzy kime we nämä derkar? Meselem, erkin metbugat çukanak-sakanak ýollar, ýykyk-ýumruk köprüler, tap-takyr dükan tekjeleri barada habar berse kime näme zyýan?

Golaýda Azatlyk Radiosy, Türkmenistanda döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň gadagan edilmegi barada habar berdi. Häkimiýetlere görä, dükanlaryň öňündäki nobatlar döwlet baştutanynyň abraýyna şek ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda azyk harytlarynyň ýetmezçiligini, bankomat nobatlaryny, beýleki ykdysady we sosial meseleleri ýakyndan yzarlaýarlar.

(Dowamy bar)

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.